Sepleriň elýeterliligi

Taksimy özgertmek plany ýatyryldy


Türkiýäniň sudy tutuş ýurt boýunça hökümete garşy protestleriň tutaşmagyna sebäp bolan Stambulyň gurluşyk proýektini ýatyrdy. Taksim meýdançasyny özgertmek boýunça planyň ret edilendigi barada täzelik çarşenbe güni peýda boldy. Hökümet suduň bu kararyna gaýtadan garalmagyny talap etmekçi.

Reuters habar agentligi bu işe gatnaşýan aklawça salgylanyp suduň bu karara iýun aýynyň başynda gelendigini habar berdi. Emma bu kararyň şu çaka çenli köpçülige näme üçin mälim edilmändigi näbelli bolmagyna galýar.

Stambulyň iň gök künjekleriniň biri hasaplanýan Gezi seýil bagynyň golaýyndaky agaçlary çapmak boýunça plan derhal garşylyk döredipdi. Bu gurluşyk planyna garşy geçirilen çykyşlar tutuş ýurda tiz ýaýrap, hökümete garşy demonstrasiýalara öwrülipdi.

Birnäçe hepdäniň dowamynda müňlerçe adamyň gatnaşmagynda geçirilen çykyşlarda polisiýanyň we protestçileriň arasynda bolan çaknyşyklarda dört adam ölüpdi we 7 500 müň adam ýaralanypdy.
XS
SM
MD
LG