Sepleriň elýeterliligi

Stipendiýaly okuwyň gözlegindäki talyplaryň dykgatyna


Stipendiýaly okuw mümkinçiliklerini hödürleýän "TUBITAK" programmasynyň web sahypasyndan bir bölek.

Stipendiýaly okuw mümkinçiliklerini hödürleýän "TUBITAK" programmasynyň web sahypasyndan bir bölek.

Häzirki wagtda ýokary bilim almak ugrunda aladalanýan ýaşlary göz öňünde tutup, Azatlyk Radiosy daşary ýurt uniwersitetlerinde okamak we maliýe kömegini gazanmak barada her hepde maglumat taýýarlaýar.

Şeýle kömegi hödürleýänlerden biri hem Türkiýäniň “TUBITAK” edarasy. Azatlyk Radiosy bu edaranyň daşary ýurt studentler bölüminiň ýolbaşçysy doktor Nuh Erdogan bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: doktor Nuh Erdogan, Siz “TUBITAK Burs” programmasynyň daşary ýurt studentler bölüminiň müdiri. Mümkin bolsa, agzalýan programmaňyz barada giňişräk gürrüň beräýseňiz?

Doktor Nuh Erdogan: “TUBITAK Burs” - Türkiýede okaýan ýa-da okamaga geljek daşary ýurtly talyplara stipendiýaly okuw mümkinçiliklerini hödürleýän programmadyr. Bu programma boýunça okamak islese, häzirki wagtda Türkiýede okap ýören ýa-da okamaga geljek islendik student dokumentlerini internet arkaly online tabşyryp biler.

Studentler bu programma dokumentlerini tabşyrandan soň, biz olary gözden geçirip, stipendiýaly okajak talyplaryň atlaryny internet sahypamyzda çap edýäris. Biz stipendiýaly okamaga mümkinçilik gazanan studentleriň atlaryny yglan edenimizden soň, talyplar bir ýylyň dowamynda Türkiýedäki ýokary okuw jaýlarynyň birine adyny ýazdyrmaly. Şondan soň biz olara stipendiýa berip başlaýarys.

Biz aspirantura üçin iki, doktorantura üçin bolsa dört ýyl stipendiýa hödürleýäris. Aspiranturany biziň hödürleýän stipendiýamyz bilen üstünlikli tamamlasa, onda oňa doktoranturany okamagy üçin stipendiýany ekzamensiz berip başlaýarys. Bular biziň aspirantura we doktorantura okuwlary üçin hödürleýän programmalarymyzdyr.

Azatlyk Radiosy: Ýokary okuw jaýynda okamak isleýän mekdep uçurymlary üçin stipendiýaly okuw mümkinçiliklerini hödürleýän programmaňyz barmy?

Doktor Nuh Erdogan: Biz şu ýyldan başlap, ýokary okuw jaýynda okamak isleýän uçurymlara-da stipendiýaly okuw mümkinçiliklerini hödürläp başladyk. Bu programma döwlet we halkara olimpiadalarynda 1, 2, 3-nji orunlary eýelän mekdep uçurymlary dokumentlerini tabşyryp bilerler. Bu programma boýunça dokumentleri kabul edilen okuwçylara biz 4, 5, 6 ýyla çenli stipendiýa berýäris.

Şeýle-de uniwersiteti üstünlikli tamamlap, bilimini aspirantura ýa-da doktorantura okuwlarynda dowam etdirmek isleýän studentlere agzalýan okuwlarda okamaklary üçin hem stipendiýa kömegini bermegi dowam etdirýäris.

Azatlyk Radiosy: Ýaňy olimpiadalarda üstünlik gazanyp, gowy orunlara mynasyp bolanlara şu ýyldan başlap maliýe kömegini berip başlaýarys diýdiňiz, bu barada has giňişräk gürrüň beräýseňiz?

Doktor Nuh Erdogan: Mekdebara, etrabara, şäherara olimpiadalarynda ilkinji orunlary eýelän studentler bize online internet arkaly dokumentlerini tabşyryp bilerler. Biz maliýe kömegini türki dilli milletleriň ählisine, şol sanda türkmenistanly studentlere-de berýäris.

Biz, maliýe kömeginden peýdalanmaga mümkinçilik gazanan studentleriň Türkiýä gelip, döwlet ýa-da hususy uniwersitetleriň birinde okuwa başlamagyna we biziň maliýe kömegimizden peýdalanmagyna garaşýarys. Şeýle-de, biziň maliýe kömegimizden häzirki wagtda Türkiýede okap ýören studentler hem peýdalanyp bilerler.

Azatlyk Radiosy: Stipendiýa kömegiňiz barada dolurak gürrüň beräýseňiz?

Doktor Nuh Erdogan: Stipendiýa kömegimiz barada aýdanymyzda, biz ýokary okuw jaýynda stipendiýaly okamaga mümkinçilik gazanan studentlere aýlyk $515, aspiranturadakylara $770, doktoranturada okaýanlara bolsa $930 möçberinde maliýe kömegini berýäris.

Şeýle-de, studentleriň uniwersitetde okamagy üçin tölenýän tölegleriň ählisi biziň programmamyz tarapyndan tölenip, olar saglyk ätiýaçlandyryşlary bilen hem üpjün edilerler.

Azatlyk Radiosy: Bu programmaňyzdan häzirki döwürde diňe daşary ýurtlarda ýaşap ýören studentler peýdalanyp bilýärlermi ýa-da munuň şu wagt Türkiýede okap ýörenlere-de bähbidi barmy?

Doktor Nuh Erdogan: Ilki bilen bellemek isleýän zadym, bu programmanyň häzirki wagtda Türkiýede okap ýören studentlere hödürleýän mümkinçiligi barada aýdanymyzda, bize iki görnüşdäki studentler dokumentlerini tabşyryp bilerler. Olaryň birinjisi Türkiýedäki uniwersitetleriň birinde iň soňky kursda ýa-da birinji kursda okap ýören studentlerdir.

Ikinjisi bolsa häzirki wagtda Türkiýede aspirantura ýa-da doktoranturada okap ýören studentlerdir. Studentler dokumentlerini biziň tubitak.gov.tr/bided/2515 adresimize internet arkalay online ugradyp, arzalaryny tabşyryp bilerler. Programmamyz boýunça stipendiýaly okamaga mümkinçilik gazanan talyp pasportynyň kopiýasyny, uniwersitete kabul edilendigi baradaky dokumentleri bize poçta arkaly ugradyp biler.

Azatlyk Radiosy: Studentler programmaňyza dokumentlerini haçan tabşyryp bilerler we arzalary haçana çenli kabul edýärsiňiz?

Doktor Nuh Erdogan: Biz her ýylyň iki möwsüminde dokumentleri kabul edýäris. Beýle çäräniň birinji tapgyry mart aýynda geçirilýär. Ol eýýäm tamamlandy. Olaryň ikinji möwsümi hem sentýabr aýynda başlanar. Ýagny, olimpiadalarda ilkinji orunlary eýeläp, ýokary okuwyny Türkiýede okamak isleýän studentler, dokumentlerini 2-nji sentýabrdan 11-nji oktýabra çenli tabşyryp bilerler.

Aspirantura we doktorantura girmek üçin arzalary kabul edişlik 2-nji sentýabr bilen 21-nji sentýabr aralygynda geçiriler. Studentler dokumentlerini internet arkaly online tabşyryp bilerler.

Azatlyk Radiosy: Häzirki wagtda siziň “TUBITAK Burs” programmaňyzdan peýdalanýan türkmenistanly studentler barmy?

Doktor Nuh Erdogan: Hawa, biz öň diňe doktorantura okuwy üçin maliýe kömegini berýärdik. Şol wagt maliýe kömegini berýän studentlerimiziň arasynda türkmenistanly talyplar hem bardy. Şu ýylyň mart aýynda aspirantura hem-de doktorantura okuwlary üçin kabul eden dokumentlerimiziň arasynda bolsa türkmen talyplary agdyklyk edýär.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG