Sepleriň elýeterliligi

Lopez Türkmenistana ünsi çekmegi dowam etdirýär


Jennifer Lopez "Awazada" aýdym aýdýar. 29-njy iýun, 2013.

Jennifer Lopez "Awazada" aýdym aýdýar. 29-njy iýun, 2013.

Meşhur amerikan aýdymçysy Jennifer Lopeziň 29-njy iýunda, “Awazada” guralan uly konsertde çykyş edip, prezident G.Berdimuhamedowyň doglan gününi gutlap aýdym aýtmagy soňky bir hepedede dünýäniň köp sanly habar serişdeleriniň baş temalarynyň birine öwrüldi.

Elbetde, hanym Lopeziň metbugat sekretary onuň Türkmenistandaky adam hukuklary problemasyndan bihabar bolandygyny, eger bilen bolsa, Berdimuhamedow üçin aýdym aýtmaga razy bolmajagyny hem aýtdy. Emma bu düşündiriş metbugat sahypalaryndaky tankydy birjigem gowşatmady.

"Ýigrenji bahana"

Mysal üçin, Rahim Kanani “Forbes” žurnalynda çap edilen “Jennifer Lopez, Söýginiň bahasy bar, Türkmenistanyň diktatory üçin aýdym aýdýar” atly makalasynda şeýle ýazdy: “Men ozal munuň ýaly bir ýigrenji bahana eşidendirin öýdemok.”

Şeýle-de “Forbes” J.Lopeziň öň, 2006-njy ýylda Moskwada, azeri oligarhy Telman Ismaliowyň doglan gününde 1.4 million amerikan dollary üçin aýdym aýdandygyny, 2011-nji ýylda bolsa, özbek nebit tütjary Azam Aslamowyň oglunyň toýunda 1 million amerikan dollary üçin aýdym aýdandygyny ýatladýar.

The Wall Street Journal” gazeti bolsa, 3-nji iýulda, “J.Lo diktator üçin aýdym aýdanda” atly makalasynda şeýle ýazdy:

“Geçen hepde ahyrynda amerikan pop aýdymçysy Jennifer Lopez Türkmenistanyň awtoritar dolandyryjysy üçin “Happy birthday» aýdymyny aýdanda, ile meşhur sungat işgäri bilen diktatura ýene bir ýere geldi.”

Bu gazet J.Lopeziň Merkezi Aziýadan daşarda prezident Gurbanguly Berdimuhamedowdan has gowy tanalýandygyny, onuň dünýä boýunça Twitter muşdaklarynyň sanynyň Türkmenistanyň raýatlarynyň sanyndan dört esse kändigini ýazýar.

“Türkmenistan dünýäniň iň bir ýapyk ýurtlarynyň biri. Hut hanym Lopeze we onuň tansçylaryna giňden gujak açan hökümet BMG-niň adam hukuklary gözegçilerine ýa-da Human Raights Watch ýaly hökümetden aýry guramalara ýurda gelmäge ýyllap rugsat bermän gelýär" diýip, gazet makalasynyň dowamynda aýdylýar.

Şeýle-de “The Wall Street Journal” türkmen raýatlarynyň köpüsiniň pop ýyldyzynyň konsertden soň eden zadyny etmekden mahrumdygyny, ýagny bu ýurtdan çykyp gidip bilmeýändigini belleýär.

Türkmenistandaky problemalar

Bu hadysa, amerikan ýyldyzynyň dünýä boýunça aýal-gyzlaryň mümkinçiliklerini giňeltmek boýunça edýän tagallasyna ters gelýän işe baş goşup, awtoritar prezidentiň doglan gününde aýdym aýtmagy Lopez bilen bilelikde Türkmenistandaky problemalara ýene bir gezek ünsi çekdi.

Türkmenistanyň Waşingtondaky ilçihanasy

Türkmenistanyň Waşingtondaky ilçihanasy

Mysal üçin, CNN telekanalynyň gepleşiginde “eger siz şu hepde ahyryndan öň Türkmenistanyň prezidentiniň adyny bilen bolsaňyz, eliňizi galdyryň” diýilýär.

CNN Türkmenistanyň internetiniň nähili berk kontrol astynda saklaýandygyny aýtmak bilen, eger bu ýurduň özünden bolmasaň, bu ýer barada tas hiç zat bilmeýändigiňi aýdýar we “Azatlyk öýi” guramasynyň Türkmenistany “ýamanyň ýamany” diýilýän ýurtlaryň arasyna goşandygyny belleýär.

Şeýle-de CNN Türkmenistanyň Waşingtondaky ilçihanasyna jaň edip, hat ýazyp, hiç bir jogap alyp bilmändigini habar berýär.

Jennifer Lopeziň Türkmenistanda aýdan “Happy birthday” aýdymy barada çykan metbugat habarlarynyň ählisinde diýen ýaly Türkmenistanyň adam hukuklary ýagdaýyna degişli maglumatlar, halkara hukuk toparlarynyň bu ýurt barada çap eden hasabatlaryndan sitatalar getirilýär.

Eurasianet.org neşiri bolsa, “J.Lo Hytaýyň Türkmenistana beren parasymydy?” diýen makalasynda Hytaýyň Milli nebit-gaz kampaniýasynyň bu konsert üçin amerikan aýdymçysyna näçe pul berendigini aýtmaýandygyny, emma onuň Jeniffer Lopeze pul tölemek Türkmenistandan gaty kän gaz aljagyny ýazýar.

Latin American Herald Tribune” neşiri bolsa, Lopeziň Türkmenistanda aýdan aýdymy barada çykan beýleki habarlardan biraz tapawutlylykda, meşhur amerikan ýyldyzynyň 2011-nji ýylyň martynda Liwiýanyň lideri Muammar Kaddafi we onuň maşagalasy üçin 2 million çemesi amerikan dollaryna aýdym aýtmakdan ýüz öwrendigini belleýär.

Bu neşir beýleki meşhur aýdymçylaryň birnäçesiniň Kaddafi klany üçin konsert berendigini, emma soň olaryň käsiniň bu işden alan pullaryny sahawat fondlaryna geçirendigini hem ýatladypdyr.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG