Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

HRW: "Lopez alan puluny sahawatçylyga geçirmeli"


Amerikaly aýdymçy Jennifer Lopez.
Amerikaly aýdymçy Jennifer Lopez.
“Jennifer Lopez Türkmenistanyň prezidenti üçin eden çykyşyndan gazanan puluny, onuň režiminiň eden-etdiliginiň pidasy bolan adamlary goldamak üçin bagyşlamaly.” Bu adam hukuklaryny goraýjy Human Rights Watch guramasynyň 3-nji iýulda ýaýradan beýanatyndan bir bölek.

Agzalýan guramanyň beýanaty amerikan aýdymçy Jennifer Lopeziň 29-njy iýunda Awazada prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň doglan gününde eden çykyşy bilen bagly oňa garşy gönükdirilen tankytlaryň nobatdakysydyr.

Şol dabarada Lopez bilen bir hatarda liwanly, türkiýeli, orsýetli we hytaýly aýdymçylar hem çykyş etdiler.

Ýurdy demir penje bilen dolandyrýar”

Human Rights Watch guramasynyň beýanatynda aýdylyşyna görä, “Hanym Lopez Hytaýyň Milli Nebit Korporasiýasynyň çakylygy bilen Türkmenistana baryp, ol ýurdy demir penje bilen dolandyrýan prezidentiň doglan gününde çykyş etdi”.

Lopeziň Türkmenistana eden saparyna garşy tankytlar has giň gerim alansoň, agzalýan aýdymçynyň kömekçisi, Türkmenistanda adam hukuklarynyň depelenýändigi barada şol wagt maglumatlarynyň bolmandygyny aýdyp, beýanat ýaýradypdy.

“Lopez şol çykyşyndan gazanan puluny, hemmelere peýdaly boljak işlere bagyşlap, göýberen säwligini belli bir derejede düzedip biler” diýip, Human Rights Watch guramasynyň daşary gatnaşyklar boýunça ýolbaşçysynyň orunbasary Karoll Bogert beýanatda nygtaýar.

Puluň bagş edilmeli ýeri

Agzalýan guramanyň beýanatynda bu serişdäniň haýsy edaralara bagyşlanyp biljekdigi barada hem maglumat berlip, ýene şeýle diýilýär: “Merkezi Aziýada hak-hukuklary kemsidilenleri goramak boýunça iş alyp barýan gurama, Front Line Defenders, ýa gynamalaryň pidasy bolanlary goramak boýunça BMG-niň Fondy şeýle edaralardan käbirleridir” diýlip, beýanatda aýdylýar.

“Türkmenistanyň hökümetiniň adamlary gynamak meselesinde örän erbet abraýy bar. Adam hukuklaryny gorap çykyş eden aktiwistler dymdyrylýar” diýip, agzalýan guramanyň wekili Karol Bogert beýanatda nygtaýar.

Beýanatyň Karol Bogerte salgylanyp çap edilen böleginde ýene şeýle diýilýär: “Lopeziň şeýle kyn ýagdaýa düşen adamlary goldamagy, onuň Türkmenistana barandygy sebäpli näme üçin tankyt edilýändigine göz ýetirendigini aňladar”.

"Türkmenistan dünýäde iň ýapyk ýurtlardan biri we bu ýurtda garaşsyz media, garaşsyz syýasy partiýa, söz, metbugat we ýygnanyşmak azatlygy ýok. Halkara guramalara, hatda BMG-de ýurtda bolup geçýän ýagdaýlary, şol sanda adamlaryň hak-hukuklarynyň depelenýändigi baradaky raportlary derňemäge ýol berilmeýär." diýlip, Human Rights Watch guramasynyň beýanatynda aýdylýar.
XS
SM
MD
LG