Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Dünýä Morsiniň çetleşdirilmegine reaksiýa bildirýär


Çetleşdirilen prezident Mohamed Morsi
Çetleşdirilen prezident Mohamed Morsi
Müsür harbylarynyň prezident Mohamed Morsini işden çetleşdirmek barada gelen karary dünýä derejesinde bir topar reaksiýa bildirilmegine sebäp boldy.

Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama “harbylaryň bu hereketinden soň özüniň ullakan alada galandygyny” aýtdy hem-de Waşingtonyň bu ýurtda derhal demokratiki esasada saýlanan hökümetiň dikeldilmegini isleýändigini sözüne goşdy.

Şeýle-de Obama öz adminstrasiýasynyň Müsüre berilmeli daşary ýurt kömegine gaýtadan seredýändigini aýtdy.

BMG-niň Baş sekretary Ban Ki-Mun “asudalyga, zorlukdan saklanmaga, gepleşiklere we sabyr-kanagatlylyga” çagyrdy.

Demokratiki prosese dolanmaly

Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat başlygy Katerin Aşton “ähli tarapy dessine demokratiki prosese dolanyp gelmäge” çagyrdy.

Germaniýanyň daşary işler minisri Guido Westerwelle öz ýurdunyň Müsüre “ýakyndan we uly alada bilen syn edýändigini” aýtdy.

Ol taraplaryň ählisini zorlukly hereketlerden saklanmaga we demokratiki gepleşiklere girişmäge çagyrdy:

"Bular Müsüriň taryhy bir sagadynyň ilkinji bäş minudy we men tüýs ýüregimden Müsüriň öz demokratiki ýoluny dowam etdirmegine umyt baglaýaryn. Men bir-biri bilen gidişýän syýasy güýçler bir ýere gelip, gepleşip, aragatnaşyk gurar we şeýle ýaş demokratiýanyň heläk bolmagyna ýol bermez, oňa zerur bolan mümkinçiligi döreder diýip umyt edýärin."

Orsýetiň Daşary işler ministrliginiň sözçüsi Aleksandr Lukaşewiç Moskwada metbugat üçin beýanat edip, şeýle diýdi:

“Moskwa taryhy taýdan dostlukly we deň hukukly gatnaşykdaky ýurt bolan Müsürde bolýan zatlara ünsli syn edýär. Gelip gowuşýan habarlara görä, Müsüriň kurort zonalaryndaky ýagdaý asudalygyna galýar, syýahatçylyk infrastrukturasynyň obýektleri kadaly işleýär. Şunuň bilen bir wagtda Orsýet DIM-iniň Müsürde ýerleşýän raýatlarymyza ozalky beren rekomendasiýasyny, köpçülikleýin protest aksiýalarynyň, sosial dartgynlyklaryň bolýan ýerlerinden gaça durmalydygyny tassyklamagy zerur hasaplaýarys.”

Arap ýurtlary umuman Morsiniň iş başyndan aýrylmagyny gutladylar. Saud patyşasy Abdylla Adli Mansury Müsüriň geçiş liderligine saýlanmagy bilen gutlady.
Adli Mansur, Müsüriň geçiş lideri
Adli Mansur, Müsüriň geçiş lideri

Aýlak arap döwletleri bolan Katar we Birleşen Arap Emirlikleri hem Morsiniň çetleşdirilmegi baradaky habary gowy garşy aldylar.

Siriýanyň prezidenti Başar al-Assad bolsa, Müsürdäki döwlet agdarylyşygy syýasy yslam üçin ýeňliş boldy diýdi.

Emma muňa garamazdan, Müsüriň has ähmiýetli goňşusy Ysraýyl bu waka barada hiç zat aýtmady.

Metbugat habarlarynda premýer-ministr Benýamin Netenýahuyň öz hökümetine, ýakyndan syn etmek bilen, bu ýagdaý barada bir zat aýtmakdan saklanmagy buýrandygy aýdylýar.
XS
SM
MD
LG