Sepleriň elýeterliligi

Polisiýa işgärleri ot üstünde


Owganystanyň polisiýa akademiýasyndaky harbylar doga-dileg edýärler.

Owganystanyň polisiýa akademiýasyndaky harbylar doga-dileg edýärler.

Şu hepde Owganystanyň Içeri işler ministrligi soňky bir aýyň dowamynda ýurtda 300-e golaý polisiýa işgäriniň dürli çaknyşyklarda heläk bolandygyny aýdyp, hasabat ýaýratdy. Bu hasabat Owganystanda polisiýa işgäri bolup işlemegiň näderejede kyndygyny ýene bir gezek aýan edýär.

Soňky aýlarda “Talyban” söweşijileriniň Owganystanyň harbylaryna garşy edýän hüjümleriniň has-da artmagy bilen ýogalan polisiýa işgärleriniň sany geçen ýyl bilen deňeşdireniňde bäş esse artypdyr.

Azatlyk Radiosy häzirki wagtda Owganystanda polisiýa işgäri bolup işleýän üç owganystanly bilen öz wezipeleriniň hupbatlary barada söhbetdeş boldy.

31 ýaşly Jan Muhammad Owganystanyň günortasyndaky Kandahar welaýatynyň Spin Baldak regionynda polisiýa ofiseri bolup işleýär.

“Men soňky üç ýyldan bäri Spin Baldak etrabynda polisiýa seržanty bolup işleýärin. Spin Baldak Owganystanyň iň dartgynly regionlarynyň biri. Harby operasiýalara gatnaşmak, ölümlere we adamlaryň ýaralanmagyna şaýat bolmak, şeýle-de ýoluň gyrasyna goýlan bombalaryň howpy bilen [yzygiderli] ýüzbe-ýüz bolmak - meniň üçin gündelik adaty zada öwrüldi” diýip, Jan Muhammad gürrüň berýär.

Jan Muhammad Owganystanyň Gilman welaýatynda ulalypdyr. Bu welaýatda gozgalaňçylar aktiw iş alyp barýarlar. Jan Muhammad, öz uly maşgalasynda birnäçe polisiýa ofiseriniň bolandygyna garamazdan, hiç haçan harby güýçlerde işlemegi arzuw etmändigini aýdýar: “Men ilkibaşda aýalymy we iki çagamy, şeýle-de ejemi-kakamy hem-de özümden kiçi jigilerimi ekläp bilerim ýaly kiçeňräk dükan açyp, şonda ýangyç söwdasy bilen meşgullanyp başladym. Ýöne bir waka meniň durmuşymy düýbünden üýtgetdi”.

“Dynç alyşa gelenleriň ählisi öldi”

Jan Muhammad soňra sözüni şeýle dowam etdirdi: “Meniň dükanymyň golaýynda güýçli partlama boldy. Şol partlamada ençeme adam heläk boldy. Şol partlamanyň öň ýany men Leşgergäh şäheriniň çetindäki obamyza maşgalasy bilen dynç alyşa gelen birnäçe adam bilen gürleşipdim. Maşgalaň bilen şäheriň çetine dynç alyşa gitmek Owganystanda wagtyňy hoş geçirmegiň iň gowy usullarynyň biri. Birnäçe minut geçensoň, şol dynç alyşa gelenleriň ählisi öldürildiler”.

Jan Muhammadyň aýtmagyna görä, ol şol wakadan soň howlukmaçlyk bilen öýüne dolanyp, polisiýa goşulmak üçin ejesiniň razylygyny sorapdyr. Onsoň ol gysga wagtyň dowamynda ýarag ulanmagy öwrenendigini aýdýar.

“Polisiýany ‘kapyr’ diýip atlandyrýarlar”

“Men aşa dinçi adam bolanym üçin, birnäçe gezek öz gelen netijämi öz-özüm sorag astyna aldym” diýip, Jan Muhammad soňra sözüni ýene şeýle dowam etdirdi: “Men bir gezek öz harby komandam bilen “Talyban” söweşijileriniň gepleşigini diňledim. Olar gepleşiginde polisiýany “kapyr” diýip atlandyrýardylar. Şeýle-de olar diniň gymmatlyklary barada gürrüň edýärdiler. Şol pursat men özümiň dogry tarapdadygym ýa-da däldigim barada ikirjeňlenipdim”.

“Şol günüň yz ýany biz şol “Talyban” söweşijilerine garşy harby operasiýa gurnadyk. Olaryň käbirleri gaçyp, ýaşaýyş jaýlarynda, aýallaryň hem çagalaryň arkasynda bukuldylar. Birsalym soňra biz şol ýerde aýal eşiklerini geýip, aýallaryň arasynda bukulan erkek söweşijileri ele saldyk. Men şol wakadan soň, talybanlaryň aýdýan zatlary bilen edýän hereketleriniň arasynda ullakan aratapawudyň bardygyna göz ýetirdim”.

Soňra Jan Muhammad ýene şeýle gürrüň berýär: “‘Talyban’ özüniň Owganystandaky daşary ýurtlulara garşy söweş alyp barýandygyny aýdýar. Emma olar ilkinji gezek, ýagny mundan 20 ýyl ozal Owganystana gelenlerinde, ýurtda amerikanlar ýa-da kapyrlar ýokdy. Ýöne muňa garamazdan, “Talyban” ummasyz köp adamlary öldürdi. Şol öldürilenleriň ählisi-de owganlardy.”

45 ýaşly Nasrylla Kutbuddin Kabulda polisiýa ofiseri bolup işleýär.
Nasrylla Owganystanyň polisiýa güýçleriniň düzüminde soňky 20 ýyldan bäri işleýändigini aýdýar.


“Men polisiýa eşigini geýýänime buýsanýaryn. Mundan daşgary, polisiýa wezipesi gowy aýlykly iş. Täze işe başlan ofiserler üçin başlangyç aýlyk $300-e golaý. Bu hem Owganystanyň şertlerinde gowy aýlyk diýip hasaplanýar.”

Nasrylla iş sagatlarynyň, adatça, irden 7-de başlap, öýlän sagat 4-de tamamlanýandygyny aýdýar. Emma ol käwagt gije-de nobatçylyk etmeli bolýandygyny, umuman aýdylanda, özüni 24 sagat işde ýaly duýýandygyny aýdýar.

“Ýolbaşçylar gündiz ýa-da gije islendik wagt jaň edip, ýurduň islendik territoriýasyna ugradyp bilýarler” diýip, Nasrylla sözüni şeýle dowam etdirdi: “Bir sapar, Gazny şäherindäki harby operasiýa döwründe, biziň harby toparymyz talybanlar tarapyndan gabawa alyndy. Şonda men ýaralandym. Şonuň yz ýany biz Kabula dolandyk we men birnäçe aýlap keselhanada bejergi aldym. Şol ýaradan soň meniň aýagymda hemişelik şikes galdy”.

“Men şu wagta çenli [ähli howphatardan] diňe bir şikes bilen gutulanym üçin özümi bagtly saýýaryn. Meniň kärdeşlerimiň köpüsi harby operasiýalarda ýa-da bomba hüjümlerinde heläk boldular” diýip, Nasrylla gürrüňini jemleýär.

53 ýaşly Zalmaý Saýed Owganystanyň Kandahar şäherinde polisiýa ofiseri bolup işleýär.

Zalmaý Saýediň aýtmagyna görä, polisiýa ofiseri wezipesinde işlemek onuň üçin maşgala däbine öwrülipdir. Zalmaý, öz maşgala agzalarynyň üç nesilden bäri polisiýanyň düzüminde işläp gelýändigini, ýöne häzirki döwürde bu wezipäniň juda howply bolandygyny aýdýar.

Emma muňa garamazdan, ol owgan polisiýasynyň duşmanlary ýeňjegine ynanýandygyny, sebäbi öz taýýarlyklarynyň öňki ýyllar bilen deňeşdirilende has gowudygyny nygtaýar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG