Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Fransiýada telefon diňlenýär


Fransuz gazeti ýurduň daşary aňtaw gullugynyň Fransiýadaky elektron hatlaryň ählisini tutup alýandygyny aýtdy.

"Le Monde" tutulyp alnan elektoron hatlaryň aňtaw gullugynyň edarasynda saklanýandygyny habar berýär.

Gazet ýazgy edilen telefon gürrüňleriniň, elektron hatlaryň beýleki howpsuzlyk gulluklarynyň hem tapyp biljek ýerinde, superkompýuterde ençeme ýyllap saklanýadygyny aýdýar.

Aňtaw gulluklarynyň hakykatda hatlaryň, gürrüňleriň mazmunyny däl-de, kimiň kim bilen gepleşýändigini derňeýändigi aýdylýar.

Fransiýa Birleşen Ştatlaryň Milli aňtaw gullugynyň amerikanlaryň we daşary ýurtlularyň gizlinlikde ele salnan gürrüňlerini toplap saklamagyny tankyt edipdi.

Prezident Fransua Olland çarşenbe güni, Amerikan aňtaw gullugynyň Ýewropa Bileleşiginiň edaralarynda içalyçylyk edýändigi belli bolanyndan soň, ÝW-ABŞ söwda gepleşiklerini baglamak haýbatyny atypdy.
XS
SM
MD
LG