Sepleriň elýeterliligi

Orsýetiň döwlet prokurory korrupsiýa garşy göreşýän aktiwist Alekseý Nawalnä 6 ýyl türme tussaglygynyň berilmegini sorady.

Ol döwlet emlägini bikanun ele geçirmekde aýyplanýar.

Prezident Wladimir Putiniň uly tankytçylarynyň biri bolan Nawalnyý 2009-njy ýylda, bir agaç zawodynda geňeşçilik wezipesini ýerine ýetirende 510 müň dollar möçberindäki puly ogurlamakda aýyplanýar.

Nawalnyý bu aýyplamany ret edýär we onuň özüne Putiniň potensial bäsdeşi hökmünde ýöňkelýändigini aýdýar.

Moskwanyň 950 km gündogaryndaky Kirow şäherinde barýan sudda prokuror Sergeý Bogdanow Nawalnä alty ýyl türme tussaglygynyň berilmegini sorady.

Eger oňa alty ýyl berilse, Nawalnyý 2018-nji ýylda bolmaly prezident saýlawlary geçýänçä tussagda bolar.
XS
SM
MD
LG