Sepleriň elýeterliligi

Yslamabat 5.3 milliard dollar alýar


Pakistan Halkara pul fondundan, ýurduň agyr ýagdaýdaky ykdysadyýetini dikeltmek üçin, uly mukdarda karz pul sorady.

Pakistanyň maliýe ministri Ishak Dar we Halkara pul fondunyň missiýa başlygy Jefriý Franks karz pul ylalaşygyny penşenbe güni, Pakistan 5.3 milliard dollara razy bolansoň yglan etdi.

Pakistan başda 7.2 milliard amerikan dollarynyň karz berilmegini sorapdy.

Pakistanyň Merkezi bankynda diňe 6.25 milliard dollaryň galandygy, bu srişdäniň bolsa daşardan getirilýän harytlara alty hepde çemesi töleg etmäge ýetjekdigi aýdylýar.
XS
SM
MD
LG