Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Moralis ABŞ-a haýbat atýar


Prezident Ewo Moralis Birleşen Ştatlaryň Boliwiýadaky ilçihanasyny ýapmak haýbatyny atdy.

Golaýda onuň uçary, üstünde amerikan gaçgagy Edward Snowden bardyr öýdülip, ýewropa howa giňişliginden geçirilmän saklanypdy.

Moralis Waşingtony Fransiýa, Portugaliýa, Italiýa we Ispaniýa basyş edip, onuň sişenbe güni giçlik Orsýetden yzyna gelýän uçaryny üstlerinden geçirtmejek bolmakda aýyplaýar.

Onuň uçary Wenada gonmaga mejbur edildi. Emma uçaryň üstünde Snowden ýok eken.

Moralis penşenbe güni Boliwiýada Wenezuelanyň, Ekwadoryň, Argentinanyň, Urugwaýyň we Surinamiň liderleri bilen duşuşdy.

Bu duşuşyk onuň uçary bilen bagly hadysadan soň, Moralise goldaw görnüşinde geçirildi.

Latin Amerikasynyň liderleri bu hadysany diplomatiki bidüzgünçilik hökmünde ýazgardylar.

Birleşen Ştatlar tarapyndan içalyçylyk aýyplamalary esasynda gözlenýän Snowden henizem Moskwanyň Şeremetýewo aýeroportunda ýaşaýandyr öýdülýär.
XS
SM
MD
LG