Sepleriň elýeterliligi

Müsür: Harbylar protest hukugyny goldaýar


Müsür harbylary raýatlaryň protest etmek hukuklarynyň kepillendiriljegine wada berdiler, ýöne milli howpsuzlyga wehim salyp biljek hereketlerden saklanmalydygyny duýdurdylar.

Feýsbukdaky beýanat yslamçylaryň anna güni, prezident Mohammad Morsiniň harbylar tarapyndan işden çetleşdirilmeginiň garşysyna planlaşdyran protestleriniň öňünden çap edildi.

Bu beýanat ýaýradylmazyndan öň harbylar Morsä tarapdar «Musulman doganlygynyň» ýolbaşçylaryny tussag etdiler.

«Musulman doganlygy» Müsüriň demokratiki esasda saýlanan ilkinji prezidenti Morsiniň iş başyndan aýrylmagyna getiren agdarylyşygy ýazgardy.

Harbylaryň beýanatynda hiç bir syýasy toparyň garşysyna kadadan çykyp, awtokratiki çäräniň görülmejegi aýdylýar.

Müsüre ýylda 1.5 milliard amerikan dollary möçberinde graždan we harby kömek berýän Birleşen Ştatlar Kairiň derhal demokratiki esasda saýlanan raýat hökümetine dolanmagyna, häkimiýetleriň bikanun tussag etmelerden saklanmagyna çagyrdy.
XS
SM
MD
LG