Sepleriň elýeterliligi

Täze pasportyň daşary ýurtlarda döreden aladalary


Türkmenistanyň pasportlary

Türkmenistanyň pasportlary

Şu ýylyň 10-njy iýulyndan başlap daşary ýurda gitmek isleýän türkmenistanlylar diňe täze daşary ýurt - biometriki - pasporty arkaly ýurtdan çykyp bilerler. Köne pasportlaryň deregine biomteriki pasportlaryň ulanylyp başlanmagy, täze pasportyny edinmedik daşary ýurtdaky türkmenistanlylara hem öz täsirini ýetirýäne meňzeýär.

Adynyň agzalmagyny islemedik Türkiýede bilim alýan türkmenistanly bir talyp:

Türkiýäniň Içeri işler ministrligi meni 'köne pasportym' bilen diňe 10-njy iýula çenli möhlet bilen hasaba alyp bilýändigini aýtdy. Mundan soňraky möhlete hasaba durmak üçin diňe täze - biometriki pasportyň gerekdigini aýtdylar. Men indi Türkmenistana gidip şu [daşary ýurt] pasportyny alyp, yzyma dolanmaly boljak. Meniň günüme düşen köp sanly beýleki türkmenistanly talyplar hem bar.


Türkiýede okaýan Bahar atly başga bir türkmen talybynyň berýän gürrüňlerini diňlemek üçin, aşaky düwmä basyň:


Stambulyň aeroportynda "Türkmenhowaýollary" kassasynda 10-njy iýuldan başlap, köne pasportlar bilen Türkmenistandan çykmak we oňa gitmek üçin biletleriň satylmajakdygy duýdurylyp, ýazgy goýulypdyr:
"Türkmenhowaýollary". Stambulyň aeroporty. 5-nji iýul, 2013 ý.

"Türkmenhowaýollary". Stambulyň aeroporty. 5-nji iýul, 2013 ý.


"Türkmenhowaýollary". Stambulyň aeroporty. 5-nji iýul, 2013 ý.

"Türkmenhowaýollary". Stambulyň aeroporty. 5-nji iýul, 2013 ý.


Türkiýäniň syýahatçylyk kompaniýalarynyň biriniň websahypasynda ýerleşdirilen bildirişde hem bu habar tassyklanýar:


Türkiýädäki türkmenistanly talyplar bilen bir hatarda, Türkmenistandan gelen müňlerçe migrantyň hem Türkiýede zähmet çekýändigi aýdylýar. Biometriki pasport meselesi olaryň durmuşyna-da öz täsirini ýetirýär. Özüni Gül diýip tanadan türkmenistanly zähmet migranty şeýle diýýär:
Men köne pasport bilen bilet alyp bolmaýandygy barada, mundan öň, hiç ýerde maglumat eşitmändim... Meniň bu ýerde [Türkiýede] mydamalyk işlemek niýetim ýok. Şunlukda men ýene-de 6-7 aý işläp, pul jerimesini töläp, yzyma - Türkmenistana dolanyp täze pasporty almakçy.


Dörän ýagdaýlar bilen bagly Azatlyk Radiosynyň Türkiýedäki habarçysy Döwlet Baýhanyň berýän maglumatlaryny diňlemek üçin, aşaky düwmä basyň.



Türkiýede işleýän türkmenistanly migrant işçileriň biri Selbi täze talaplar barada şeýle gürrüň berýär:


"Türkmenhowaýollary" gullugynyň Aşgabatdaky edarasynda hem 10-njy iýuldan soň, daşary ýurt biletleriniň diňe täze biometriki pasportlary bilen satyljakdygy barada maglumat berilýär.









Azatlyk Radiosy bu meseläni yzarlamagy, şeýle-de goşmaça maglumatlary çap etmegi dowam eder.

Eger-de siziň hem bu mesele boýunça aýtjak-diýjek zadyňyz, başdan geçiren tejribäňiz bar bolsa, onda olar bilen aşaky teswir bölüminde paýlaşyp bilersiňiz.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG