Sepleriň elýeterliligi

Orsýet: “Watan sesi” Türkmenistana bagyşlandy


Orsýetde çap edilýän “Watan sesi” atly neşiriň Türkmenistana degişli sany, Iýul, 2013.

Orsýetde çap edilýän “Watan sesi” atly neşiriň Türkmenistana degişli sany, Iýul, 2013.

Orsýetde çap edilýän “Watan sesi” atly neşiriň nobatdaky sany türkmenlere we Türkmenistanda ýaşaýan orsýetlilere bagyşlandy. Daşary ýurtlardaky watandaşlar bilen gatnaşyklar boýunça assosiasiýa tarapyndan neşir edilýän bu gazetde Orsýetde ýaşaýan türkmenler, medeni täzelikler we Türkmenistan barada dürli maglumatlar berilýär. Neşirde Türkmenistanda ýaşaýan orsýet raýatlaryna ýardam bermek meselesine, raýatlaryň hak-hukuklaryny goramagyny göz öňünde tutýan orsýet kanunlaryna aýratyn üns berilýär.

Azatlyk Radiosy “Watan sesi” neşiriniň türkmen temasyna bagyşlanan sanynyň çap edilmeginiň maksady we aýratynlyklary barada guramaçylaryň biri “Ors-Türkmen” öýüniň ýolbaşçysy Wladislaw Nemçinow bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: “Watan sesi” neşiriniň täze sany tutuşlygyna Türkmenistana bagyşlanan diýen ýaly. Bu işde nähili maksat göz öňünde tutuldy?

Wladislaw Nemçinow: “Watan sesi” gazeti daşary ýurtlardaky watandaşlar bilen gatnaşyklar boýunça “Rodina” atly assosiasiýanyň organydyr. Gurama we onuň bu neşiri eýýäm 60 ýyl bäri çap edilýär. Onuň edil häzirki sany Türkmenistanda we Merkezi Aziýa regionynda ýaşaýan watandaşlara bagyşlanýar. Biz gazetiň ýene bäş-alty sanyny Türkmenistana bagyşlamagy planlaşdyrýarys.

Azatlyk Radiosy: Türkmen temasynyň edil häzirki wagtda saýlanyp alynmagy näme bilen bagly?

Wladislaw Nemçinow: Biziň “Mužestwo i Gumanizm” atly halkara bileleşigimiz soňky on ýyla golaý ýylyň dowamynda “Orsýet we Türkmenistan - geljekde bilelikde” atly uly proýekti amala aşyrýar. Biz onuň çäginde Türkmenistandaky watandaşlarymyz üçin informasion giňişligi döretmegi makul bildik.

Azatlyk Radiosy: Neşirde adam hukuklaryna we olary goramak boýunça bar bolan kanunlara uly üns berilýär. Raýatlaryň hak-hukuklaryna aýratyn üns berilmegine näme sebäp boldy?

Wladislaw Nemçinow: Biz Türkmenistanda ýaşaýan orsýetlilere adam hukuklary barada has köp maglumat bermegi makul bildik. Biz [bu gezek gazetde] adam hukuklary barada deklarasiýany ýerleşdirdik. Watandaşlaryň hak-hukuklaryny goramak boýunça Fond barada hem maglumat berdik. Bu fond iki ýyl mundan ozal Orsýetiň prezidentiniň permany bilen döredilipdi. Biz orsýetlileriň ýüz tutmagy üçin bar bolan mümkinçilikler barada hem has köpräk maglumat bermäge çalyşdyk. Türkmenistanda adam hukuklary boýunça problemalaryň az däldigini gowy bilýäris. Bu gazetiň elektron görnüşinden başga-da kagyzda çap edilýän görnüşi-de bar. Neşir Türkmenistana eltildi we paýlanýar.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistanda ýaşaýan orsýet raýatlarynyň hak-hukuklaryna gezek gelende, goşa raýatlyk meselesi soňky döwürde köpleri gyzyklandyran esasy temalaryň birine öwrüldi. Ýakynda käbir raýatlara täze pasportlaryň beriljegi resmi taýdan yglan edildi. Soňky maglumatlarda, Orsýet bu kanuny doly ýatyrmak barada protokoly tassyklansoň,rkmen tarapynyň goşa raýaty bolanlaryň ählisiniň-de täze pasportly bolmagyna mümkinçilik döretmekçidigi habar berildi. Siziň pikiriňizçe, mesele çözüldi diýip bolarmy?

Wladislaw Nemçinow: Orsýetiň prezidentiniň goşa raýatlygy ýatyrmak baradaky protokoly Dumanyň tassyklamagyna tabşyrmagy gowy ädim. Oňa orsýet parlamentinde garamak işi güýze galdyrylan hem bolsa, bu meseläniň resmi taýdan çözülmegi uly öňegidişlik bolar. Sebäbi häzirki wagta çenli goşa raýatlyk meselesi diňe ýolbaşçylaryň arasynda maslahat edilip, dilde gelnen ylalaşyklara esaslanýar. Adamlaryň öz geljegine ynamly garamaklary we mundan beýläk durmuş planlaryny kesgitlemekleri üçin bolsa düzgünleriň kagyzda berkidilmegi zerur.
XS
SM
MD
LG