Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Şerif: Hytaý bilen gatnaşyk “baldan süýji”


Pakistanyň premýer-ministri Nawaz Şerif (ç) we Hytaýyň hökümet baştutany Li Kekiang (s), Pekin, 5-nji iýul, 2013.
Pakistanyň premýer-ministri Nawaz Şerif (ç) we Hytaýyň hökümet baştutany Li Kekiang (s), Pekin, 5-nji iýul, 2013.
Pakistanyň premýer-ministri Nawaz Şerif Hytaýyň hökümet baştutany Li Kekiang bilen duşuşyk geçirdi.

Iki ýurduň liderleri özara dostlukly gatnaşyklary tassykladylar we ykdysady gatnaşyklar üçin mümkinçilikler, poliomielit keseliniň öňüni almak we gün energiýasyndan peýdalanmak boýunça ylalaşyklara gol çekmegi maslahatlaşdylar.

Nawaz Şerif ikitaraplaýyn gepleşikleriň dowamyndaky çykyşynda ýurtlaryň arasyndaky dostluk derejesini makullady. Şerif “biziň dostlugymyz Gimalaý daglaryndan has beýikdir, dünýäniň iň uly deňizlerinden çuňňurdyr we baldan süýjüdir” diýdi.

Li Kekiang Şerifiň hoş sözlerine minnetdarlyk bildirdi. Ol, Şerif maý aýynda bolan saýlawlarda ýeňiş gazanandan soň, Pakistana sapar eden ilkinji daşary ýurt lideridir.

Ýaranlyk

Nawaz Şerif häzir Hytaýa özüniň ilkinji saparyny edýär.

Pakistan bilen Hytaý diplomatiýa we harby taýdan ýakyn ýaranlykdaky ýurtlar diýlip hasaplanylýar.

Hytaý iki ýurduň arasyndaky Garagorum ýolunyň gurluşygyna gatnaşýar. Bu proýekte iki ýurdy baglaşdyrýan ykdysady koridoryň bir bölegi hökmünde garalýar.

Şu ýylyň başynda Hytaý Pakistanyň Arap deňzindäki Gwadar portundaky işlere gözegçiligi öz üstüne aldy.

Ykdysadyýetiň dikeldişi

Polat önümçiligi arkaly baýan Şerifiň Pakistanyň gowşak ykdysadyýetini dikeltmäge itergi berjegine garaşylýar. Onuň öňünde elektrik togunyň ýetmezçiligi, milli puluň hümmetsizlenmegi, ýurduň bergisiniň köpelmegi we daşary ýurt maýa goýumlarynyň mukdarynyň azalmagy ýaly agyr meseleler dur.

Şerif Hytaý bilen ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmak we Hytaýyň üstünlikli ykdysady modelini öz ýurdunda ulanmak ýaly maksatlara eýerýär.

Pakistanyň lideri penşenbe güni Pekiniň metrosyna baryp gördi. Ol şeýle obýektiň Pakistanda-da gurulmalydygyny we bu ugurdan Hytaýyň ýolbaşçysy hem metro gurluşygynda işleýän kompaniýalar bilen gepleşmekçidigini aýtdy.

Şeýle-de, Şerif dynç günleri Hytaýyň Şanhaý we Guangjou şäherleriniň iri ykdysady obýektlerine baryp görmekçi.

Iki ýurduň arasyndaky söwda gatnaşyklarynyň möçberi 12 milliard dollar möçberinde kesgitlenýär. Yslamabat we Pekin ýakyn ýyllarda söwda gatnaşyklarynyň derejesini 15 milliard dollara ýetirmegi planlaşdyrýarlar.
XS
SM
MD
LG