Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran: Ýüzüji zenan ykrar edilmegini isleýär


Elham Asgari, YouTube suraty
Elham Asgari, YouTube suraty
Eýranly ýüzüji zenan hyjap geýnip, Hazaryň kenary boýunça uzak aralygy ýüzüp geçse-de, onuň bu rekordyny döwletiň hasaba almanlygy ýüzüji zenanda nägilelik döretdi.

Bu nägilelik ony sosial media getirdi. Elham Asgarynyň aýtmagyna görä, häkimiýetleriň bu täze rekordy hasaba almandyklarynyň sebäbi, onuň geýen geými diýlip görkezilýär.

Bedeni tutuşlygyna bürenjekli bir adamynyň suwda ýüzüşini, ýöne şonda-da oňa ‘suwda ýüzýän lybasyň bedeniňi doly ýapanok’ diýlişini göz öňüne getirip görüň!

Ynha, eýranly ýüzüji zenan Elham Asgary 11-nji iýunda demirgazyk Eýranda, Hazaryň kenarynda 20 kilometr aralygy 8 sagatda hut agzalan eşikde ýüzüp geçdi. Onuň aýtmagyna görä, bu uzaklyk eýranly aýallaryň arasynda goýlan ilkinji rekorddyr.

Agzalýan rekordyň goýulmagyna birnäçe zenan, golaýdaky gaýyklardan tomaşa edip, gözli şaýat bolupdyr. 32 ýaşly zenan ýüzüji Nowşehirdäki plýažda, hiç hili erkek adamyň ýok ýerinde görkezilen aralygy ýüzüp geçip, özüçe rekord goýupdyr.

Resmiler eşigi bahana edinýärler

Ýöne Asgarynyň öz aýtmagyna görä, resmiler onuň bu rekordyny ýüzende geýen lybasy sebäpli hasaba almandyrlar we bu ýagdaýyň yslamdaky normalara gabat gelmeýändigini tekrarlapdyrlar.

Azgary ýurduň içindäki ýagdaýlar sebäpli Azatlyk Radiosyna interwýu bermegi ret etdi. Ýöne onuň bilen eýran mediasy gürrüňdeşlik geçirdi. Şeýle-de ýüzüji zenan YouTube wideo portalynda öz teswirleri bilen wideo ýerleşdirdi.

“Şol gün men bürenjekli ýüzüpdim. Muňa ýedi adam şaýat boldy. Men aýallaryň plýažynda ýüzdüm. Ol ýerde hiç hili erkek adam ýokdy. Ýöne indi olar meniň geýen lybasymyň yslama garşy gelýändigini aýdýarlar. Özleri 20 metr hem ýüzüp bilmeýänler, meniň ýüzen 20 kilometrlik rekordymy ret edýärler.”

"Öňünden duýdurdyldy"

27-nji iýunda Eýranda çap edilýän gündelik “Bahar” gazetine beren interwýusynda Asgary eýran häkimiýetleriniň rekordyň hasaba alynmazlygynyň ähtimaldygyny özüne öňünden duýdurandyklaryny, sebäbi Eýran Yslam döwletinde aýallaryň suwa düşende geýmeli eşiginiň entek tassyklanmanydgyny aýdandyklaryny gürrüň beripdir.

Asgary bolsa bu çykarylan karary kabul etmändir. Ol ýurtda sport ugrundan jogapkär ähli edaralar bilen habarlaşandygyny, şeýle-de öz göreşini sosial media-da çykarandygyny aýtdy. “Men bu edilýän basyşlardan ýeňilmerin” diýip, ol YouTube wideo portalynda goýan wideosynda aýdýar. Suwda ýüzmegiň diňe erkekler üçin niýetlenen sport däldigini aýdyp, sözüni dowam edýär. Asgarynyň wideosy sosial ulgamlarda giňden ýaýrady.
Eýranly ýaşlar Hazarda gaýyk sürýärler.
Eýranly ýaşlar Hazarda gaýyk sürýärler.

Bu tagallalaryň netijesinde, belli sport habarçysy Mehdi Rostampur Asgariniň köpler tarapyndan goldanandygyny we üns merkezine düşendigini aýtdy:

“Meniň pikirimçe, Elham Asgary örän batyrgaý göreşdi. Ol ýurtda ýaňy-ýakynda bolup geçen saýlaw howalasyny ulandy. Asgary wideo düşürdi, interwýu berdi we özüniň hak-hukugyny gorajakdygyny aýtdy. Hiç zatdan gaýtmajagynam nygtady. Elham Asgarynyň tutanýerliligi we erjelligi 20 kilometr uzaklygy ýüzüp geçen sportçy üçin geň hem garaşylmadyk ýagdaý däl. Bu onuň özüne ynamynyň bardygyny we onuň örän yhlaslydygyny görkezýär. Bu ýagdaý bolsa öwgä mynasypdyr. Ol aýdan sözüniň yzynda durmagy we beýleki adamlary hem ýagdaýdan habarly etmegi başardy.”

1979-njy ýylda bolan rewolýusiýadan soň Eýranda aýallar yslamyň düzgünleri sebäpli çäklendirmelere sezewar bolýarlar. Bu çäklendirmeler aýallaryň sport çärelerine gatnaşmagynyň gadagan edilmegini hem öz içine alýar.

Zenanlary çäklendirýän kadalar

Eýranda zenanlar sportuň diňe käbir görnüşlerine gatnaşyp bilýärler, mysal üçin, olar sportuň diňe: futbol, ok-ýaý atmak, nyşana ok atmak we sanşu ýaly görnüşlerine gatnaşyp bilýärler. Agzalan ugurlar boýunça çykyş edenlerinde-de olar yslamyň kadalary esasynda kabul edilen belli lybaslary geýmeli bolýarlar. Bu hem olaryň çykyş edenlerinde hereketlerini çäklendirýär.

Meselem, Asgarynyň aýtmagyna görä onuň suwda ýüzende geýen eşigi, haçan-da öl bolanda, 6 kilogram bolan eken we oňa päsgelçilik döredip bedenini ynjydypdyr.

Çäklendirmelere garamazdan, köp sanly aýallar professional sport bilen meşgullanmagy başardylar. Olar öňde-soňda aýallaryň sport çärelerine gatnaşmagynyň yslama dogry gelmeýändgini aýdyp, özlerini ýazgarýan berk düzgüni goldaýanlar tarapyndan mydama-da tankyt edildiler.
Eýranly zenan diwardan ýöreýär.
Eýranly zenan diwardan ýöreýär.

Rostampuryň pikirine görä, Eýranyň mundan öňki prezidenti Mahmut Ahmedinejadyň döwründe aýallaryň sport çärelerine gatnaşmagy has hem çäklendirilipdir. Bu barada ol şeýle diýýär:

“Olar aýallaryň sport çärelerinde çykyş etmeginiň öňüni aldylar. Aýratynam 1979-njy ýylda bolan rewolýusiýadan soň ösüp başlan ugurlarda çäklendirmeler bar. Olar bu gadagançylyklaryň sebäplerini, sportuň bu ugurlarynyň musulman zenanlara zyýanlydygy bilen düşündirýärler. Sportuň käbir söweş görnüşleri bilen meşgullanmaklyk aýallara düýbünden gadagan edilýär.”

Asgary özüniň 1999-njy ýylda goýan rekordynyň hasaba alnandygyny we şol wagt onuň geýen eşigine hiç kimiň garşy çykmandygyny aýtdy. Ol “Bahar” gazetine beren interwýusynda özüniň Eýranyň beden-terbiýe boýunça departamentiniň başlygynyň orunbasary Marziah Akbarabadi (aýal maşgala) bilen gürrüňdeş bolandygyny aýdýar. Marziah Akbarabadi şol bir wagtyň özünde ýurtda zenan sporty boýunça jogapkärdir.

“Ol maňa [bu meselede], eger kimdir biri bürenjek bürenip, başatgyç atynyp, ýaşynyp, suwda ýüzäýende-de [barybir] onuň [gazanan netijesiniň] kabul edilip bilinmejekdigini duýdurýan görnüşde aýtdy” diýip, Asgary gürrüň berýär.

"Başga sport bilen meşgullan"

Akbarabadi Elhama sportuň başga görnüşi bilen meşgullanmagy hem maslahat beripdir.

Rostampuryň aýtmagyna görä, Elham Asgary zenan atletikaçylarynyň arasynda resmi taýdan goldanmaýan ýeke-täk sportçy däl. Ol 2011-nji ýylda aradan çykan alpinist Leýla Esfendiarlynyň hem döwlet tarapyndan hiç haçan goldanylmandygyny aýtdy. Bu hakda ol şeýle gürrüň berýär:

“Leýla Esfendiýarly dünýäniň iň beýik nokadyna çykyp, halkara toparlara goşulanda-da, hökümet ony goldamazdy. Resmiler haçan-da ol Gimalaý daglaryna dyrmaşyp ýörkä ýykylyp aradan çykanda, reaksiýa bildirdiler we ony soňky ýola ugratmak çäresini geçirmek islediler. Esfendiarlynyň iň soňky düşüren wideosynda ol özüne hökümet tarapyndan hiç hili goldawyň berilmändigini we halkara derejesinde geçiren sport işleri üçin eden çykdajylaryny diňe öz jübüsinden töländigini aýdýar.”

Eýranyň sport häkimiýetleri Asgarynyň arz-şikaýatyna entek resmi taýdan jogap berenoklar. Asgary bolsa tä öz goýan rekordy hasaba alynýança göreşjekdigini aýdyp, ant içdi.
XS
SM
MD
LG