Sepleriň elýeterliligi

Yrakda 15 adam öldürildi


Yrak resmileri demirgazyk Bagdatda janyndan geçen bombaçynyň azyndan 15 adamy öldürip, 32 adamy ýaralandygyny aýtdylar.

Bu hüjüm anna güni agşam, Bagdadyň Kiraiýat mähellesindäki şaýy metjidinde, namaz wagty guraldy.

Anna güni irden partladylan ulag bombasy bolsa, merkezi Yrakda azyndan dört adamy öldürdi.

Resmiler bu bombanyň Samarradaky Al-Hak skweriniň protest lagerini nyşana alandygyny aýtdylar.
XS
SM
MD
LG