Sepleriň elýeterliligi

Snowdene gaçybatalga berilmekçi


Wenezuelanyň prezidenti Nikolas Madura Birleşen Ştatlaryň öňki aňtaw işgäri Edward Snowdene "ynsanperwer" gaçybatalga berilmegini teklip etdi.

Madura özüniň bu teklibi Snowdeniň Birleşen Ştatlarda jenaýat jogapkärçiligine çekilmekden gutulmagy üçin edýändigini aýtdy.

Şeýle-de anna güni prezident Daniýel Ortega Nikaraguanyň Snowdene, eger ýagdaýlar şert döretse, gaçybatalga bermek isleýändigini aýtdy.

Ol Nikaraguanyň Moskwadaky ilçihanasyna Snowdeniň gaçybatalga sorap ýazan arzasy gowuşdy diýdi.

Boliwiýanyň prezidenti Moralis hem şenbe güni Günorta Amerikanyň beýleki iki ýurduna goşulyp, amerikan gaçgagy E.Snowdene, eger ol şeýle haýyş bilen ýüz tutsa, oňa gyçybatalga berjekdigini aýtdy.

Birleşen Ştatlar tarapyndan pasporty güýçsüz diýlip yglan edilen Snowden soňky iki hepde Moskwanyň halkara uçar meýdanynda ýaşaýandyr öýdülýär.

Birleşen Ştatlar ony içalyçylyk aýyplamalarynda aýyplaýar.
XS
SM
MD
LG