Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistanda saglyk ministri täzelendi


Prezident G.Berdumuhamedowyň karary bilen Gurbanmämmet Ylýasow, "başga işe geçýänligi sebäpli", Türkmenistanyň saglygy saklaýyş we medisina senagaty ministri wezipesinden boşadyldy.

Saglygy saklaýyş we medisina senagaty ministriniň wezipesine Nurmuhammet Amannepesow bellenildi, ol mundan öň Türkmenistanyň Ministrler kabinetinde saglygy saklaýyş bölüminiň müdiri bolup işleýärdi.

G.Ylýasow Türkmenistanyň saglygy saklaýyş ministri wezipesine 2010-njy ýylyň aprelinde bellenipdi.
XS
SM
MD
LG