Sepleriň elýeterliligi

Indoneziýada ýer yrandy


Indoneziýada 6.4 bally ýer titremesi boldy.

Bu ýurtda biraz öň bolan ýer titremesi onlarça adamy öldüripdi.

Birleşen Ştatlaryň Geologiki gözegçiligi şenbe güni ýeriň günbatar Indoneziýadaky Sumatra adasynda silkinendigini aýtdy. Ýeten zyýan we çekilen ýitgiler barada häzir hiç zat aýdylmaýar.

Indoneziýada sişenbe güni bolan 6.1 bally ýer titremesinde azyndan 30 adamy ölüp, 300-e golaý adam ýaralanypdy.

Indoneziýada ýer yranmalary kän bolýar. 2004-nji ýylda bolan 9.1 bally ýer yranmasy uly suw joşgunyna sebäp bolup, 14 ýurtda 230 müň adamy öldüripdi.
XS
SM
MD
LG