Sepleriň elýeterliligi

Müsürde 30 çemesi adam öldürildi


Esgerler döwlet eýeçiligindäki telewizion stansiýany goraýarlar. Kair, 6-njy iýul, 2013.

Esgerler döwlet eýeçiligindäki telewizion stansiýany goraýarlar. Kair, 6-njy iýul, 2013.

Müsürde yslamçylar tarapyndan goldanylýan prezident Mohamed Morsiniň iş başyndan çetleşdirilmegi bilen bagly guralan protestler mahalynda dörän çaknyşyklarda ýurt boýunça 30 çemesi adamyň öldürilendigi, onlarça adamyň bolsa ýaralanandygy habar berilýär.

Döwlet eýeçiligindäki telewideniýe Kairde Morsiniň tarapdarlary bilen garşydaşlarynyň arasynda dörän çaknyşyklarda 17 adamyň öldürilendigini habar berdi.

Biraz soň resmiler Aleksandriýa şäherinde iki tarapyň arasynda bolan çaknyşyklarda 12 adamyň öldürilendigini aýtdylar.

Bu zorluk çetleşdirilen prezident Mohamed Morsiniň “Musulman doganlygyndaky” tarapdarlarynyň on müňlerçesiniň anna güni onuň yzyna dikeldilmegini talap etmegi netijesinde döredi.

Habarlarda aýdylmagyna görä, bu zorluk Kairde harbylar bronly maşynlara ýerleşdirilen esgerleri iberenlerinden soň gowşapdyr.

El-Şateri tussag edildi

Başga bir habara görä, Içeri işler ministrligi “Musulman doganlygynyň” başlygynyň orunbasary Kaýret el-Şateri tussag astyna alypdyr, ol zorluga meçew bermekde güman edilýär.

“Musulman doganlygy” Morsi, Müsüriň demokratiki esasda saýlanan ilkinji prezidenti harbylar tarapyndan, prezidentlige başlanyna ylaýyk bir ýyl dolanda işden çetleşdirileli bäri, harbylaryň goldawynda gurlan geçiş hökümetini ret etdi.

Yslamçylar harbylaryň saýlanan lideri bihaýa agdarylyşyk arkaly iş başyndan aýrandyklaryny aýdýarlar.

Harbylar bolsa, geçiş hökümetiniň täze saýlawlara ýol arçamalydygyny öňe sürýärler.

Morsiniň tarapdary Kairdäki proteste gatnaşýar, 5-nji iýul, 2013.

Morsiniň tarapdary Kairdäki proteste gatnaşýar, 5-nji iýul, 2013.

Morsiniň adyny aýtmadyk goldawçylarynyň biri anna güni şeýle diýdi:

"Bu şeýle açyk ýagdaýda geçirilen ilkinji saýlaw bolupdy, adamlar ilkinji gezek öz konstitusiýalaryny ýazypdylar, soňra bu adam, halkyň hasabyna hak alýan kişi öz tankynyň üstüne çykyp, öz söweş uçarlary we ýaraglary bilen gelýär. Bu kanunyň bozulmagy bolýar we adamlar ony nähili ýagdaý bolanda-da kabul etmezler.''

ABŞ “hökümet agadarylyşygy” diýmeýär

Waşingtonda, Birleşen Ştatlaryň anna güni bolan çaknyşyklary ýazgardy we müsür ýolbaşçylaryny zorlukly wakalaryň ýaýbanlanmagynyň öňüni almaga çagyrdylar.

Birleşen Ştatlar ýene Müsürdäki wakalary babatda “hökümet agadarylyşygy” diýen aňlatmany ulanmady.

Birleşen Ştatlaryň kanuny esasynda, Waşington kanun esasynda saýlanan hökümet harbylar tarapyndan agdarylan halatynda, Müsüre ýylda berýän 1.5 milliard amerkian dollar kömegini duruzmaga mejbur ediler.

Müsüriň Birleşen Ştatlardaky ilçisi Mohamed Tawfik soňky günlerde bolan wakalary gorap çykyş etdi. Ol Birleşen Ştatlaryň "Newshour" telewizion programmasynda çykyş edip, şeýle diýdi:

"Bu müsürlileriň aglaba köplüginiň köçelere çykmagy bilen bolup geçen ýagdaý boldy, 22 million petisiýa ýazyldy we olaryň hemmesinde adamlar irki saýlawlaryň geçirilmegini soradylar. Olar harbylaryň häkimiýet başyna gelmegini soramadylar. Olar irki saýlawlaryň geçirilmegini soradylar. Indi prezident Morsi we onuň goldawçylary öz tarapdaralryny beýleki demonstrasiýaçylaryň garşysyna çykmaga iterdiler. Onsoň bu ýerde harbylar we müsür jemgyýetiniň galan bölegi üçin başga çykalga galmady, olar aýylganç çaknyşyklaryň we ýagdaýyň has bulaşmagynyň öňüni almaly boldular."

Morsi geçen ýekşenbe, millionlap müsürli onuň yslamçylar bilen gatnaşygy we hökümetiniň müsür ykdysadyýetiniň ýaramazlaşmagynyň öňuni alyp bilmänligi sebäpli proteste çykanyndan soň, iş başyndan çetleşdirilipdi.

Bu ýurt 2011-nji ýylyň fewralynda uzak wagtlyk dolandyryjy Hosni Mubarek halk gozgalaňlary esasynda iş başyndan aýrylaly bäri daşary ýurt maýasyny çekmekde, turizm pudagynda, ýaşaýyş standartlarynyň aşaklamagy meselesinde bir topar kynçylyga uçrady.
XS
SM
MD
LG