Sepleriň elýeterliligi

Pakistan: Otly heläkçiliginde 12 adam öldi


Pakistan resmileri gündogardaky Penjap welaýatynda otly üsti adamdan doly rikşa bilen çakyşanda azyndan 12 adamyň heläk bolandygyny aýtdylar.

Aýdylmagyna görä, Karaçiden Lahore gelýän ýokary tizlikdäki otly ýörite geçilýän ýeri ulanman, demir ýoly kesip geçmäge synanan rikşa gelip urupdyr.

Bu waka Lahor şäheriniň 40 km çemesi demirgazyk-günbatarynda, Şeýkupura etrabynda bolupdyr.

Wakany gözi bilen gören Halil Şeýkupurada žurnalistlere rikşanyň demir ýoly kesip geçjek bolandygyny gürrüň berdi.

"Bu rikşa alty adama niýetlenip ýasalan, emma şol wagt onuň üstünde 16 ýolagçy bardy."

Hadysada ölenleriň arasynda iki sany çaga-da bar. Ýaralylar golaýdaky hassahana alnyp gidildi.
XS
SM
MD
LG