Sepleriň elýeterliligi

Nigeriýa: Mekdepde 28 çaga öldürildi


Nigeriýanyň polisiýasy ýurduň demirgazyk-gündogarynda ýatymlyk mekdebe edilen ýaragly hüjümde 28 çaganyň öldürilendigini aýdýar.

Bu waka şenbe güni, daň atmazynyň öňüsyrasynda, Ýobe ştatynyň Potiskum obasyndaky orta mekdep nyşana alnanda bolupdyr.

Aman galanlar ok ýaralaryny we ýanyklaryny bejertmek üçin hassahana ýerleşdirilipdir.

Resmiler ol ýere howpsuzlyk güýçleriniň ýerleşdirilendigini aýdýarlar.

Bu hüjümiň jogapkärçiligini häzirlikçe hiç topar öz üstüne almady.

Emma ozal şeýle hüjümlerde sebitdäki yslamçy ekstermistler günälenipdi.

Nigeriýanyň demirgazygynda musulmanlar köplük bolsa, günortasynda hristianlar agdyk gelýär.
XS
SM
MD
LG