Sepleriň elýeterliligi

Siriýa oppozisiýasy täze lider saýlady


Siriýanyň Milli koalisiýasy täze lider saýlady.

Siriýanyň esasy oppozision koalisiýasy şenbe güni öňki syýasy tussag Ahmed Aasi al-Jarbany liderlige saýlady.

Milli koalisiýanyň öňki lideri, sünni ruhanysy Moaz al-Hatib mart aýynda wezipeden çekilipdi.

Şondan bäri Siriýanyň Milli koalisiýasyna Jorj Sabra wagtlaýyn prezidentlik edipdi.

Şeýle-de bu koalisiýa “Musulman doganlygyndan” Faruk Taýfury iki wise-prezidentiň biriniň wezipesine saýlady.

Beýleki wise-prezident tanymal aktiwist Suheýr Atassi boldy.

Bu ýaranlyk noýabrda Katarda, prezident Başar al-Assady agdarmak ugrunda göreşýän siriýa oppozisiýasyny birleşdirmek üçin döredildi.
XS
SM
MD
LG