Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ: Uçar hadysasynda iki adam öldi


Ýangyn söndürijiler uçaryň oduny öçürýärler. 6-nji iýul, 2013.
Ýangyn söndürijiler uçaryň oduny öçürýärler. 6-nji iýul, 2013.
Şenbe güni, Günorta Koreýadan gelýän "Boeing 777” ýolagçy uçary San Fransiskonyň halkara uçar meýdanynda heläkçilik gonuşyny amala aşyranda ot alyp, azyndan iki adam öldi.

Günorta Koreýanyň “Aziana howaýollarynyň” uçary Seuldan 291 ýolagçyny alyp gelýän eken. Uçaryň ekipažynyň 16 adam bolandygy aýdylýar.

San Fransiskonyň häkimi Edwin Li şenbe güni giçlik guralan metbugat ýygnagynda çykyş edip, ýolagçylaryň 77-siniň koreýaly, 141-siniň hytaý raýaty, 61-siniň bolsa ABŞ raýaty bolandygyny aýtdy.

Li onlarça adamyň weýran bolan uçardan ýöräp çykandygyny, 50 çemesi adamyň ýaralaryny bejertmek üçin hassahana äkidilendigini, onlarça adamyň bolsa ýeňilräk ýara alandygyny gürrüň berdi.

Ýogalanlar hytaýly

Ýogalan iki ýolagçynyň hytaý raýatlarydygy habar berilýär.

Uçaryň ýokary böleginiň köp ýeri ýandy, guýruk bölegi bolsa gopdy.

Awiasiýa senagaty boýunça konsultant Robert Herbst uçaryň gaty aşaklap uçandygyny we onuň gonalga ýetmän gonandygyny aýtdy.

Birleşen Ştatlaryň Federal derňew býurosy bu hadysada terror hüjüminiň alamatynyň ýokdugyny aýdýar.

Milli Transport howpsuzlygy geňeşi hadysanyň sebäplerini anyklamak üçin derňewe başlady.

Günorta Koreýanyň ikinji uly awiasiýa kompaniýasy bolan “Aziana howaýollarynyň” ýerine ýetiriji direktory Ýun Ýoň-du ýekşenbe güni Seulda guralan metbugat ýygnagynda bu uçaryň motory ýa-da mehaniki şowsuzlyk esasynda heläkçilige uçrap bilmejegini aýtdy:

"Biz bu uçary 2006-njy ýylyň martynda satyn aldyk. Onuň PW4090 motory bar. Häzirlikçe biz [Boeing] 777-200 uçarynyň ýa-da onuň motorynyň heläkçilige sebäp boljak problemalarynyň bolmandygyny tassyklap biljek" diýip, ol aýtdy.

Ýun aýeroportda birnäçe sagat gatnawy durzan hadysa üçin ötünç sorady.

Hadysa wagty gelip gonmaly uçarlar golaýdaky uçar meýdanlaryna gönükdirilmeli boldy.
XS
SM
MD
LG