Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gün uçary synagdan geçdi


Gün energiýasy esasynda işleýän synag uçary Birleşen Ştatlar boýunça trans-kontinental syýahatyny tamamlady.

Bir adamlyk “Solar Impulse” şenbe güni Nýu-Ýork şäherindäki Jon Kennedi uçar meýdanynda ýere gondy.

Ol Waşingtondan uçurylypdy. Synag edilýän uçar bellenen wagtyndan birnäçe sagat öň, ganatlarynyň birindäki matada ýyrtyk görnenden soň gondy.

Şeýlelikde, Birleşen Ştatlar boýunça maý aýynda Kaliforniýadan başlanan synag syýahaty tamam boldy.

Şweýsariýaly pilot Andre Borşberg ýere gonandan soň, bu proýekti täze energiýa çeşmelerini ulanmak boýunça uly üstünlik diýip atlandyrdy.

Bu uçar ganatlarynda ýerleşdirilen müňlerçe gün öýjükleriniň berýän enregiýasy bilen işleýär we sagatda 70 km çemesi aralygy geçip bilýär.
XS
SM
MD
LG