Sepleriň elýeterliligi

Neşe gaçakçysy Pannunzi Italiýa iberildi


Dünýäniň iň uly kokain gaçakçysy hökmünde aýyplanýan adam Kolombiýada tussag edilip, yzyna Italiýa ugradyldy.

Kolombiýanyň Goranyş ministrligi Roberto Pannunziniň Bogoto söwda merkezinde, galp wenezuela pasporty bilen tutulandygyny aýtdy.

Ol 2010-njy ýylda gaçyp gutulaly bäri gözlenip ýördi.

60-dan agan Pannunzi şenbe güni Rime getirildi.

Ol Italiýanyň günortasyndaky Kalabrian mafiýasy bilen ilteşikli we Kolumbiýadaky hem Meksikadaky neşe kartelleri bilen ýakyn gatnaşyk saklaýan adam hasaplanýar.
XS
SM
MD
LG