Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Kanadada nebit otlusy agdaryldy


Kanadada, gündogar Kuwekde nebit çekýän otly relsden agyp, bir topar başagaýlyk döretdi.

Şäher merkezindäki binalary weýran eden otly adam heläkçiligine hem sebäp bolandyr öýdülýär.

Bu waka şenbe güni irden, Lak-Megantik şäherinde boldy.

Polisiýa azyndan bir adamyň ölendigini tassyk etdi.

Ýöne başga-da adam pidasynyň bolmagyndan howatyr edilýär.
XS
SM
MD
LG