Sepleriň elýeterliligi

Owganystanda 14 esger öldürildi


Owganystanyň Goranmak ministrligi soňky 24 sagatda ýurt boýunça owgan esgerleriniň 14-siniň, onlarça talyban söweşijisiniň öldürilendigini habar berýär.

Ministrlik ýekşenbe güni ýaýradan beýanatynda owgan milli goşunynyň esgerleriniň üçüsiniň Wardak welaýatynda, top okundan we ýol ýakasynda gömlen bombalardan wepat bolandygyny aýtdy.

Geçirilen operasiýalar mahalynda onlarça talyban söweşijisiniň öldürilendigi aýdylýar. Helmand welaýatynda ýol ýakasynda gömlen bombalar 7 esegriň ölümine sebäp bolupdyr.

Ýene 4 esger bolsa, ýurduň beýleki ýerlerindäki hüjümlerde wepat bolupdyr.

Goranmak ministrligi Helmand welaýatynda talyban söweşijileriniň 27-siniň öldürilendigini aýdýar.
XS
SM
MD
LG