Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Awazanyň” ýaňy: Sungat we adam hukuklary


"Awazada" täze myhmanhananyň açylyş dabarasyndaky adamlar. 2013 ý.
"Awazada" täze myhmanhananyň açylyş dabarasyndaky adamlar. 2013 ý.
Meşhur amerikan aýdymçysy Jennifer Lopeziň prezident Berdimuhamedowyň doglan gününde aýdym aýtmagy halkara habar serişdeleriniň ünsüni ozal görülmedik bir derejede Türkmenistana çekdi.

29-njy iýunda, Balkan welaýatynda geçýän Medeniýet hepdeliginiň çäginde, prezident G.Berdimuhamedowyň 56 ýaşynyň dolmagyna gabatlanyp guralan uly konsertde amerikan aýdymçysy bilen bilelikde türk, arap, ors, hytaý we türkmen aýdymçylary hem çykyş etdiler.

Bu konsert, görnüşinden, Türkmenistanda geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň dowamy hökmünde kabul edilmelidi. Emma ol, adam hukuklaryny goraýjylaryň, žurnalistleriň ýene bir gezek Türkmenistandaky hukuk problemasyny ýatlamaklaryna sebäp boldy.
Şeýle-de bu konsert sungat wekilleri we awtoritar hökümet, dilde aýdylýan sözler bilen durmuşda edilýän hereketleriň arasyndaky çaprazlyk baradaky meselä ünsi çekdi.

Başga bir tarapdan, bu konsert “ýerli aýal-gyzlaryň okuwda we işde bir kybapdaky milli eşik geýmeginiň talap edilýän ýurdunda, ummasyz pul dökülip, türkmen medeniýetine ýat tanslaryň edilmegi kime we näme üçin gerek boldy?” diýen soragy hem döretdi.

Mundan başga, Jennifer Lopeziň bu konsertden alan puluny sahawatçylyga harçlamalydygyny aýdanlar hem boldy.

Ýöne halkara metbugatynda turan uly galmagala garamazdan, Türkmenistanda ýene şeýle konsenrtler dowam etdiriljege çalym edýär, çünki prezident Berdimuhamedow indiki Medeniýet hepdeligini Daşoguzda geçirmek baradaky karara gol çekdi.

Eýsem bu ýagdaý, onuň ýerli halk tarapyndan garşy alnyşy, Günbatar metbugatynda bu meseläniň döreden gowry, şonuň ýaly-da sungat wekilleri we adam hukuklary barada kim näme pikir edýär?

Azatlyk Radiosy nobatdaky “Tegelek stol” söhbetdeşligini şu meselä bagyşlaýar.
Pikirleriňize, bellikleriňize garaşýarys.
XS
SM
MD
LG