Sepleriň elýeterliligi

Müsürliler has uly ýöriş geçirmekçi


Müsüriň iş başyndan çetleşdirilen prezidenti Morsiniň tarapdarlary we garşydaşlary has uly demonstrasiýa geçirilmegine çagyrýarlar.

Morsiniň “Musulman doganlygyndaky” we beýleki yslamçy toparlardaky goldawçylary ýekşenbe güni, Respublika gwardiýasynyň edarasyna edilmekçy ýörişiň öňünden Kairiň gündogaryndaky Nasr şäherçesinde toplandylar.

Ýöriş ediljek ýerde anna güni birnäçe yslamçy demonstrant öldürilipdi.

Morsiniň iş başyndan çetleşdirilmegi baradaky kampaniýanyň başyny çeken “Tamorod” hereketi bolsa Tahrir skwerine ýöriş geçirilmegine çagyrýar.
XS
SM
MD
LG