Sepleriň elýeterliligi

Krasnodarda otly agdaryldy


Orsýetiň günortasyndaky Krasnodar oblastynda ýolagçy otlusy relsden agdarylanda, azyndan 75 adam ýaralandy.

Ýerli kanun goraýjylaryň sözçüsi ýaralananlaryň altysynyň bejergi almak üçin hassahana ýerleşdirilendigini aýtdy.

Deslapky habarlara görä, bu hadysa Krylowskaýa we Kisliakowka stansiýalarynyň aralygynda, Moskwa wagty bilen 16 sagat 52 minutda bolupdyr.

Hadysada Nowosibrisk-Adler ýolagçy otlusynyň bäş wagonynyň relsden agyp, agdarylandygy aýdylýar.
XS
SM
MD
LG