Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kanada: Otly heläkçiliginde ölenler artýar


Kanadada relsden agan otlyda heläk bolanlaryň sany resmi taýdan çak edilenden bäş esse köp boldy. Maglumatlara görä, nebit çekýän bu otly sürüjisiz hereket edip, soňunda hem relsden agyp partlapdyr.

Şenbe güni bolan bu wakada 70-den gowrak wagonly otly relsden agyp, ençeme partlamalaryň we ýangynlaryň döremegine sebäp boldy. Şeýle-de bu wakadan soň Lak-Megantik şäherinde ençeme binalar weýran boldy.

Otlynyň näme sebäpden şähere tarap hereket edip başlandygy henize çenli nämälim.
XS
SM
MD
LG