Sepleriň elýeterliligi

Kastro Snowden barada çykyş etdi


Kubanyň prezidenti Raul Kastro Wenezuellanyň we beýleki Latyn Amerika ýurtlarynyň Birleşen Ştatlaryň aňtaw gullugynyň öňki işgäri Edward Snowdene gaçybatalga bermek teklibini goldaýandygyny aýtdy.

Ýöne muňa garamazdan, Kastro ýekşenbe güni Kubanyň milli ýygnagynda eden çykyşynda, Snowdeniň ýurtdan howpsuz ýagdaýda syýahat etmegine rugsat berilip-berilmejegi barada maglumat bermedi.

Şeýle-de Kastro bu waka bilen baglanyşykly Birleşen Ştatlaryň beýleki ýurtlara haýbat atdy diýip aýdylanlary nazara alyp, ABŞ-ny ýazgardy.

Orsýetiň "Aeroflot howaýollary" her hepde ençeme gezek Hawana göni uçuş amala aşyrýar.

Çaklamalara görä, Snowden Latyn Amerika barmak üçin Kubanyň üstünden sapar etmeli bolar.

Wenezuella we Boliwiýa Snowdene gaçybatalga bermegi teklip etdiler. Muňa garamazdan, Nikaragua Snowdeniň gaçybatalga haýyşy barada häzirki wagtda pikirlenýär.

Şeýle-de Snowdeniň häzirki wagtda Moskwanyň aeroportynyň tranzit bölümindedigi çaklanylýar.
XS
SM
MD
LG