Sepleriň elýeterliligi

ABŞ: Pilot 'türgenleşik' döwründedi


Günorta Koreýanyň “Aziana howaýollary” San Fransiskonyň halkara uçar meýdanynda heläkçilik gonuşyny amala aşyran "Boeing 777” ýolagçy uçarynyň pilotynyň entäk “türgenleşik” döwründedigini aýtdy.

Şenbe güni bolan bu uçar heläkçiliginde hytaýly iki ýetginjek heläk bolup, onlarça adam hem ýaralandy. Olaryň käbirleri häzirki wagtda agyr ýagdaýda bolmagyna galýar.

Birleşen Ştatlaryň howa howpsuzlygynyň derňewçileri uçar kabinasynda ýazga alynan sesleri nazara alyp, ekipažyň uçary aşak gonmazyndan diňe 1,5 sekund öň saklamaga çalyşandygyny aýdýar.

Milli transport howpsuzlyk gullugynyň ýolbaşçysy Deborah Hersman “maglumatlar ekipaž uçaryň tizligini aşak gonmazyndan sanlyja sekund öň haýallatmaga synanyşandygyny görkezýär” diýdi.

Derňewçileriň ele salan wideo ýazgysyndan görnüşüne görä, Seuldan 307 ýolagçyny alyp gelýän uçar gaty aşaklap uçup deňiziň gyrasyndaky gaýalara urulýar we böleklere bölünýär.
XS
SM
MD
LG