Sepleriň elýeterliligi

Kerriniň aýaly keselhana ýerleşdirildi


Birleşen Ştatlaryň Döwlet sekretary Jon Kerriniň aýaly Massaçusetsda agyr ýagdaýda keselhana ýerleşdirildi. Ýöne häzirki wagtda onuň ýagdaýy kadaly.

Birleşen Ştatlaryň Döwlet departamentiniň berýän maglumatyna görä, 74 ýaşly Teresa Heinz Kerri ýekşenbe güni Bostonyň umumy keselhanasyndan Massaçusetsa geçirilipdir.

Mundan öň Heinz Kerri Massaçusets ştatynyň Nantaketdäki keselhanasyna ýerleşdirilipdi. Şol döwür Jon Kerri ABŞ-nyň dördünji iýulda bellenilýän milli baýramçylygy sebäpli Nantaketde dynç alýardy.

Şeýle-de ABŞ-nyň Döwlet departamenti, häzirki wagtda Jon Keriniň aýalynyň ýanyndadygy barada hem maglumat berdi.

Henize çenli Heinz Kerriniň näme sebäpden ýarawsyzlaşandygy barada goşmaça maglumat berilmeýär. Ilki bada onuň ýagdaýynyň agyrdygy habar berilip, häzirki wagtda lukmanlaryň onuň saglygyny kadaly ýagdaýa getirendigi aýdylýar.

Teresa Heinz Kerri senator Jon Heinziň dul aýaly bolup, onuň mirasdüşeridir. Heinz Kerri 1995-nji ýylda Jon Kerri bilen durmuş gurupdy.

Teresa Heinz Kerri haýyr-sahawat işleri bilen tanalýan zenandyr.
XS
SM
MD
LG