Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Morsiniň tarapdarlary öldürildi


Müsüriň Saglygy saklaýyş ministrliginiň metbugat wekili, Kair şäherinde ýaragly adamyň häkimiýetden agdarylan yslamçy prezident Muhammad Morsiniň tarapdarlaryna garşy ot açmagy netijesinde azyndan 40 adamyň ölendigini habar berýär.

Morsi tarapdary demonstrantlar duşenbe günki bu hüjümi harbylaryň amala aşyrandygyny aýdyp, olary aýyplaýarlar.

Harbylar bolsa köpçülige ot açan “ýaragly terrorçylaryň” Respublikan gwardiýasynyň edarasynyň öňünde oturyp iş taşlaýyş geçirendigini aýdýarlar. Morsiniň häzirki wagtda Respublikan gwardiýasynyň edarasynda galýandygyna ynanylýar.

DPA habar gullugynyň berýän maglumatyna görä, harbylar agzalýan edara hüjüm etmäge synanyşan 200-den gowrak adamy tussag edipdirler.

Bu hüjüm harbylar Morsini häkimiýetden agdarandan bäş gün soň bolup geçdi. Mundan öň Müsürde halk köpçüligi Morsiniň işden çekilmegini talap edip demonstrasiýalar geçiripdi.

Müsürde täze hökümet gurmak baradaky gepleşikler, duşenbe güni amala aşyrylan hüjümlere “Salafist Nur” partiýasynyň protest bildirmegi bilen soňa goýuldy.

Mundan ozal “Salfist Nur” partiýasy Morsiniň häkimiýetden aýrylmagyny goldap çykyş edipdi.
XS
SM
MD
LG