Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Çeçenistanda söweşiji öldürildi


Orsýetiň Demirgazyk Kawkaz respublikasy bolan Çeçenistanyň howpsuzlyk güýçleri gozgalaňçy komandirini öldürendiklerini habar berýärler.

Çeçenistan respublikasynyň lideri Ramzan Kadyrow Groznyde žurnalistleriň öňünde eden çykyşynda Abu-Muslim lakamy bilen tanalýan Rustam Saliýewiň duşenbe güni ýurduň günortasynda geçirilen ýörite operasiýada öldürilendigini aýtdy.

Çeçenistanda 1990-njy ýyllaryň ortalaryna we 2000-nji ýyllaryň başlaryna aýry-aýrylykda bolan uruşlardan soň, yslamçy söweşijiler Dagystan, Inguşystan, Kabardino-Balkariýa ýaly beýleki Demirgazyk Kawkaz respublikalaryna hem ýaýradylar.

2007-nji ýylda Çeçenistanyň seperatist güýçleriniň lideri Doku Umarow ýurdy Orsýetiň Demirgazyk Kawkaz respublikasynyň Kawkaz Emirligi diýip atlandyryp, özüni hem onuň lideri diýip yglan edipdi.

31 ýaşly Saliýew ençeme ýyl bäri çeçen ýolbaşçylary tarapyndan gözlegdedi. Ol Çeçenistanyň Açkoý-Martan etrabynda Umarow tarapdary söweşijileriň komandiri hökmünde tanalýardy.
XS
SM
MD
LG