Sepleriň elýeterliligi

Dartgynlyga garamazdan, ÝB-ABŞ gepleşikleri başlanýar


Raul Kastro

Raul Kastro

Ýewropa Bileleşigi bilen ABŞ dünýäniň iň uly erkin söwda zolagyny döretmek ugrundaky gepleşiklere başlaýarlar.

Duşenbe güni Waşingtonda başlanýan gepleşikler Edward Snowdeniň ABŞ-nyň ÝB-niň diplomatik edaralarynyň işine gizlin gözegçiligi amala aşyrandygyny metbugatda paş edenden soň dörän dartgynly döwre gabat geldi.

Gepleşikleriň dowamynda söwda meselelerinden daşgary-da, ABŞ-nyň ÝB-niň edaralarynda içalyçylyk etmegi bilen bagly aladalaryň-da gozgaljakdygy aýdylýar.

Gepleşikleriň netijesinde söwda we sermaýa işlerinde agzalýan iki tarapyň arasyndaky çäklendirmeleri ýatyrmak maksat edinilýär.

2012-nji ýylda ABŞ bilen ÝB-niň arasyndaky söwda dolanyşygy 650 milliard dollara deň bolupdy.

Erkin söwda zolagy ugrundaky gepleşikler, ABŞ-nyň ozalky aňtaw işgäri Snowdeniň metbugata syzdyran maglumatlaryna garamazdan, ilerlerlemegini dowam edýär. Snowdeniň maglumatlarynda ABŞ-nyň dünýäniň telekommunikasiýa we internet ulgamlarynda gözegçilik alyp barandygy paş edildi.

Bu maglumatlar äşgär edilensoň, ÝB maglumat goraglylygynyň we şahsy durmuş hukugynyň bozulmagy boýunça öz aladasyny bildirdi.

Snowden

30 ýaşly Snowdeniň soňky iki hepdäni Moskwanyň Şeremetýewo halkara aeroportunyň tranzit bölüminde geçirendigi aýdylýar.

Bu aralykda ýekşenbe güni Kubanyň prezidenti Raul Kastro çykyş edip, käbir latyn amerikasy döwletleriniň Snowdene gaçybatalga bermek tekliplerini goldady. Emma Kubanyň lideri Milli assambleýada eden çykyşynda öz ýurdunyň Snowdene gaçybatalga berip-bermejekdigi barada anyk zat aýtmady.

Kastro öz çykyşynda: “Biz Boliwiýa respublikasynyň we Wenesuelanyň, şeýle-de sebitdäki [Latyn Amerikadaky] ähli beýleki döwletleriň demokratiýa ýa-da öz pikirleri ugrunda göreşýänlere gaçybatalga bermek baradaky hukugyny goldaýarys. Bu biziň däplerimize gabat gelýär” diýdi.

Russiýanyň “Aerofloty” Gawana her hepdede ençeme gezek uçuş amala aşyrýar. Käbirler Snowdeniň Kubanyň üsti bilen Latyn Amerikasyna gelmeginiň mümkindigi baradaky çaklamalary-da orta atdylar.

Kastro öz çykyşynda ABŞ-ny Snowdene kömek etmek meýilli döwletlere haýbat atmak diýilýän çärelere baş goşmakda aýyplady. Ol: “Biziň häzirki ýaşaýan dünýämizde güýçli döwletler halkara hukugynyň kadalaryny bozup, beýleki döwletleriň milli özbaşdaklygyny äsgermän, adamlaryň hak-hukuklaryny depeläp bilýändirin diýip pikir edýärler. Hökmürowanlyk pelsepesinden ugur alsak, onda biz – ähli günorta halklary belli bir wagt içinde howp astynda bolmagymyzy dowam etdireris” diýip belledi.

ABŞ-nyň resmileri Snowdeni içalyçylykda we gizlin maglumatlary toplap, olary metbugata bermek arkaly hökümetiň emlägini ogurlamakda aýyplady.

Snowdeniň gaçybatalga sorap, dünýäniň 20-den gowrak döwletine ýüz tutandygy aýdylýar. Emma onuň haýyşyny Ýewropanyň ençeme döwleti, şeýle-de Hindistan we Braziliýa dagy ret etdiler.
XS
SM
MD
LG