Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Müsürde zorluklar dowam edýär


Morsini goldaýan “Musulman doganlar” atly syýasy toparyň agzasy, Kair, 8-nji iýul, 2013.
Morsini goldaýan “Musulman doganlar” atly syýasy toparyň agzasy, Kair, 8-nji iýul, 2013.
Müsüriň Saglygy saklaýyş ministrliginiň wekiliniň aýtmagyna görä, wezipesinden çetleşdirilen prezident Muhammad Morsiniň tarapdarlaryna garşy atylan okdan azyndan 40 adam heläk bolupdyr. Haled el-Hatib ýene 300-den gowrak adamyň hem ýaralanandygyny habar berdi.

Gandöküşikli waka

Şaýatlaryň sözlerine görä, olar halas edijileriň bir adamy ölümden halas etmäge synanyşandyklaryny, ýaralananlaryň bolsa meýdan keselhanalaryna motorly äkidilendigini görüpdirler.

Ýaralanan protestçileriň biri Muhammad Ali “Reuters” aganetligi bilen söhbetdeş bolup, özüne garşy göz ýaşardyjy gazyň ulanylandygyny, ol ýüzi ganap ýere ýykylansoň, bir esger tarapyndan urlup-ýenjilendigini gürrüň berdi.

Morsini goldap çykyş eden demonstrantlar duşenbe günki hüjüm üçin harbylary günäleýärler.

Emma harbylar Respublikan Gwardiýasynyň jaýynyň öňünde üýşen adamlara “ýaragly terrorçylaryň” hüjüm edendiklerini aýdýarlar. Bu binada Morsiniň saklanýandygy çak edilýär.

“DPA” täzelikler agentliginiň maglumatyna görä, harbylar öz edara jaýyna eli ýaragly hüjüm etmekçi bolan 200 adamy tussag edipdirler.

Syýasy garşylyk

Müsürde dowam edýän dartgynlyk arap dünýäsiniň iň uly ýurdunyň ykbalyny sorag astynda goýýar.

Duşenbe günki hüjümler mundan bäş gün öň Muhammad Morsiniň döwlet başyndan çetleşdirilenden soňky bolan wakadyr. Morsi onuň öz wezipesinden çekilmegini talap edilip geçirilen köpçülikleýin demonstrasiýalaryň netijesinde agdarldy.

Garşydaşlary Morsini we onuň “Musulman doganlar” atly syýasy toparyny ýurduň ykdysady problemalary bilen baglylykda aýyplaýarlar we onuň awtoritar syýasaty ýola goýmaga synanyşandygyny aýdýarlar.

“Musulman doganlar” Morsiniň häkimiýet başyndan çetleşdirilmegini döwlet agdarylyşygy diýip atlandyrdylar we gozgalaňa çagyryş etdiler.

Duşenbe günki wakalaryň öňüsyrasynda, geçen hepdäniň anna we şenbe günleri Morsiniň tarapdarlary bilen garşydaşlarynyň arasynda tutuş Müsür boýunça tutaşan çaknyşyklarda 35 adamyň heläk bolanlygy habar berilýär.

Kairde parahatçylygy dikeltmek maksady bilen Morsiniň tarapdarlarynyň jemlenen ýeriniň golaýyndaky Rabaa Adawia metjidiniň töweregindäki ýollar harby ulaglar tarapyndan petiklendi. Şeýle-de, harbylar Nil derýasyndan geçýän iki köprini polada gaplanan harby ulaglar bilen petiklediler.

Hökümetiň düzülişi

Müsürde dowam edýän zorluklar ýurduň täze hökümetini düzmek boýunça alnyp barylýan işleriň gyzgalaňly wagtyna gabat gelýär.

Muhammad Morsiniň prezidentlikden çetleşdirilmegini goldan salafitleriň “Nur” atly partiýasy duşenbe güni bolan gandöküşiklige protest bildirip, gepleşikler prosesinden çykdy.

Müsüriň ululygy boýunça ikinji orunda duran yslamçy topary bolan “Nur” partiýasynyň barlyşyk prosesine gatnaşmagy täze hökümeti düzmek işi üçin wajyp diýlip hasap edilýär.

Şeýle-de, “Nur” partiýasy liberal syýasatçy Muhammad El Baradeýiň premýer-ministr wezipesine bellenmegini ret etdi.

Resmiler sosial-demokrat aklawçy Ziad Bahaa el-Dini premýer-ministr wezipesine wagtlaýyn bellemekçi bolýarlar.

Duşenbe güni El Baradeý soňky zorluklary ýazgaryp çykyş etdi we twitterde: “Müsürde ýaraşyk örän zerur” diýip ýazdy.
XS
SM
MD
LG