Sepleriň elýeterliligi

Eýýäm 2-3 ýyl bäri Aşgabadyň käbir raýonlarynyň ýaşaýjylaryny tagtabiti diýip atlandyrylýan jandar köseýär. Paýtagtyň 9-njy, 10-njy, 11-nji, Howdan, Parahat we beýleki käbir mikroraýonlarynyň ýaşaýjylaryndan Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolanlar bu jandaryň öz jaýlarynda ornaşandygyny aýdýarlar. Olaryň gürrüňine görä, agzalan mikroraýonlarda tagtabitiň sany barha artýar.

“Şol bitler gijelerine endamyňdan çakyp, [gan sorýar], gyzardýar. Hiç [olardan] dynyp bolanok” diýip, 11-nji mikroraýonyň ýaşaýjysy, 42 ýaşly Aman gürrüň berýär.

Adamlaryň saglygyna ýetirýän zyýanyndan başga-da, bu bitleriň adamlara ýetirýän maddy zyýany hem az däl. Bu jandardan dynmak üçin öýlerindäki mebellerini we beýleki öý goşlaryny zyňanlar hem bar.

Resmi metbugat dymýar

Resmi çeşmelerde bu mesele hakda takyk maglumat berilmeýär. Emma ilat arasynda ýaýran çaklama görä, bu jandar Türkmenistana paýtagta getirilýän hytaý mebelleri bilen bile gelipdir.

Tagtabitiň ýaýraýyş gerimi diňe bir ýaşaýyş jaýlary bilen çäklenmeýär. Paýtagtyň keselhanalarynda hem tagtabitiň bardygyny Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan käbir ildeşlerimiz habar berýärler.

Paýtagtyň 11-nji mikroraýonynda ýerleşýän çagalar keselhanasyndan, özüni Dursun diýip tanadan şepagat uýasynyň aýtmagyna görä, sanitar-epidemiologik stansiýa tarapyndan bu keselhanada tagtabiti ýok etmek üçin birnäçe gezek derman sepilendigine garamazdan, tagtabiti ýok bolup gitmändir.

Dursun: “Şondan soňam tagtabiti bar. Syrkawlara azar berýär” diýip, bu barada gürrüň berýär.

Şeýle dermanlaýyş işleri eýýäm üç ýyl bäri paýtagtda ýerleşýän “Demirýol” keselhanasynda hem geçirilýär. Ýöne keselhanadaky bu ýagdaýyň göwrümi barada takyk maglumat ýok. Keselhananyň garamatkeşleri-de bu barada halk köpçüligine maglumat bermekden saklanýarlar.

Netije ýok

Emma geçirilýän sanitar-epidemiologik işleriň o diýen netije bermeýändigi, onuň sebäbiniň bolsa sepilýän dermanlaryň hili bilen baglydygy barada hem gürrüňler bar.

“Demirýol” keselhanasynyň adynyň agzalmagyny islemedik bir lukmany Azatlyk Radiosyna bu barada şeýle gürrüň berdi: “Biz, bölümimiziň işgärleri bolup pul goşup, ýörite derman satyn aldyk. Emma beýleki bölümlerde-de tagtabiti bolansoň, iň soňy ýene-de biziň bölümimize geçdi”.

Tagtabiti bilen bagly problema barha giň gerim alansoň, onuň garşysyna derman hödürleýänler hem köpelýär. Paýtagtyň “Daýhan” myhmanhanasynyň golaýyndaky weterinar dermanahanasynyň hödürleýän Hytaýda öndürilen Hlorofors dermany has netijeli diýlip hasaplanýar.

Ýöne adaty raýatlar üçin bu dermanyň bahasy aşa gymmat.

“Dört otagly kwartirany şol serişde bilen 2-3 gezek dermanlamak üçin azyndan 100 manat gerek. Özi-de tagtabiti aýyrmak üçin 7-8 gezek şol dermany ulanmaly diýip aýdýarlar” diýip, 11-nji mikroraýonyň ýaşaýjysy 42 ýaşly Aman gürrüň berýär.

Aşgabadyň ençeme ýerlerine ýaýrandygy aýdylýan we göze çala görünýän bu jandar barada resmi metbugatda hiç hili habar berilmeýär. Onuň garşysyna göreş ýa-da onuň basybaljylyk hereketlerinden goranmak barada hem ilat arasynda düşündiriş işleri henize çenli geçirilenok.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG