Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystanda söweşijiler öldürildi


Owganystanyň resmileri ýurduň gündogarynda geçirilen howpsuzlyk operasiýalarynda 20-den gowrak “Talyban” söweşijisiniň öldürilendigini habar berýärler.

Owganystanda geçirilen operasiýalaryň iň ulusy Kabulyň günbataryndaky Wardak welaýatynda bolup geçdi. Şol harby operasiýada Owgan milli goşuny 16 sany “Talyban” söweşijisini öldürip, olara degişli ýaraglary, ulaglary we motosiklleri ele saldylar.

Wardak häkiminiň metbugat wekili, welaýatda polisiýanyň geçiren kiçiräk operasiýasynda ýene-de dört “Talyban” söweşijisiniň öldürilendigini aýtdy.

Şeýle-de Owganystanyň Lagman welaýatynyň resmileriniň berýän maglumatyna görä, owgan aňtaw gullugynyň işgärleri bilen “Talyban” söweşijileriniň arasynda bolan ýaragly çaknyşykda iki söweşiji öldürilipdir.

Owganystandaky bu operasiýalarda owgan howpsuzlyk gullugynyň 10 işgäri, şol sanda Nangarhar welaýatynyň barlag gözegçilik nokadyna amala aşyrylan hüjümde üç polisiýa işgäri öldürildi.
XS
SM
MD
LG