Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Biometrik pasportlara nädip geçilýär?


Pasport berýän edaranyň öňündäki nobat, Özbegistanyň Zarafşan şäheri.
Pasport berýän edaranyň öňündäki nobat, Özbegistanyň Zarafşan şäheri.

Biometrik pasportlar diňe bir Türkmenistanda däl, Merkezi Aziýa regionynyň beýleki ýurtlarynda hem girizildi. Resmi maglumatlarda pasportlaryň täze görnüşleriniň girizilmeginiň milli dokumentleriň dünýä derejesinde ykrar edilen halkara standartlaryna laýyk bolmagy üçin edilýändigi aýdylýar. Täze biometrik pasportlara geçiş prosesi Türkmenistanyň Merkezi Aziýa regionyndaky goňşularynda nähili amala aşyrylýar?

Türkmenistanda täze biometrik pasporta geçiş prosesi 10-njy iýulda tamamlanýar. Bu seneden başlap köne pasportlar bilen ýurduň daşyna çykyp bolmaýar.

Özbegistan we Täjigistan öz raýatlaryna täze biometrik pasportlary 2015-nji ýyla çenli berip gutarmagy planlaşdyrýarlar.

Azatlyk Radiosynyň Özbek gullugynyň žurnalisti Zamira Eşanowanyň sözlerine görä, Özbegistanda 2012-nji ýyldan başlap berlip başlanan täze pasportlara ilkinji nobatda diplomatlar, döwlet resmileri we 16 ýaşy dolup, ilkinji gezek pasport alan ýaşlar eýe bolupdyr. Galan raýatlara şu ýylyň başyndan başlap, biometrik pasportlar berlip başlanypdyr.

Ýurduň daşynda pasport edinmek

Özbek žurnalistiniň sözlerine görä, Özbegistanyň içinde hem-de ýurduň daşyna çykmak üçin umumy bir pasport ulanylýar. Täze pasport almak bilen bagly esasy kynçylyk pasportlaryň diňe ýurduň içinde berilmegine degişli. Özbegistanyň daşary ýurtlardaky konsulhanalarynda pasport almak düzgüni ýola goýulmandyr.

Pasport bermek düzgüni Türkmenistanyň ilçihanalarynda hem göz öňünde tutulmaýar.

Türkmenistandaky we Özbegistandaky ýagdaýdan tapawutlylykda Täjigistan bilen Gyrgyzystan öz raýatlarynyň daşary ýurtlarda pasport almagy üçin mümkinçilik döredipdirler.

Täjigistan öz raýatlaryna 10 ýyl möhletli täze biometrik pasportlary bilen bir wagtda köne görnüşli bäş ýyllyk pasportlary hem bermegini dowam etdirýär. Üstesine, köne görnüşli pasport has aňsatlaşdyrylan görnüşde berilýär. Täjigistanyň Germaniýadaky ilçihanasynda Azatlyk Radiosyna aýtmaklaryna görä, biometrik pasporty almak üçin raýatlaryň özleri baryp ýüzlenmeli bolsalar, köne görnüşli bäş ýyllyk pasporty özlerine derek başga birini iberip hem alyp bilýärler.

Statistik maglumatlara görä, Täjigistanda her aýda 23 müň çemesi adam täze biometrik pasporty almak üçin resmi edaralara ýüz tutýar. Türkmenistanda pasportlaryň berilmegine degişli statistika köpçülik üçin elýeterli däl.

Täjik synçylarynyň sözlerine görä, Täjigistanda pasport almak bilen bagly kynçylyklar ilkinji nobatda pasport üçin göz öňünde tutulan döwlet töleglerine bagly. Biometrik pasport üçin göz öňnüde tutulan 100 amerikan dollary möçberindäki döwlet tölegi köp raýatlar üçin elýeterli däl.

Poçta arkaly ýüzlenmek

Gyrgyzystanda täze biometrik pasorty almak üçin ýurduň içindäki edaralara hem-de daşary ýurtlardaky ilçihanalara baryp ýüz tutmak hökman hem däl. Gyrgyz žurnalisti Gülaýym Aşakeýewanyň sözlerine görä, zerur dokumentleri poçta arkaly iberip, biometrik pasporty alyp bolýar. Biometrik pasport üçin döwlet tölegleriniň birnäçe görnüşi göz öňünde tutulýar we olar alynýan pasportyň wagt möhletine görä tapawutlanýar.

Gülaýym Aşakeýewanyň sözlerine görä, gyssagly görnüşde 72 sagadyň içinde taýýar bolýan pasportyň bahasy 50 amerikan dollaryna barabar bolýar.

Gyrgyz žurnalisti Gyrgyzystanda täze pasportlara geçişiň “soňky möhletiniň kesgitlenmändigini, munuň basa-baslygyň bolmazlygy üçin edilendigini” belledi.

Türkmenistanda biometrik pasportlara doly geçilmegine sanlyja gün galdy. Şu günler Migrasiýa gulluklarynyň öňünde uly nobatlaryň emele gelendigi, köp raýatlaryň täze pasport alyp ýetişmän, howsala galýandygy barada habar berilýär.

Pasport beriş çäresi

Biometrik pasportlara 2015-nji ýylda doly geçmegi planlaşdyrýan Özbegistanda eýýämden uly nobatlar emele gelipdir. Ýurtda Ilaty täze pasportlar bilen üpjün etmek üçin käbir çäreleriň amala aşyrylýandygy habar berilýär.

Özbek žurnalisti Zamira Eşanowanyň sözlerine görä, pasport berýän edaralaryň iş güni 8 sagatdan 14-16 sagada çenli uzaldylypdyr, şeýle-de edaralar hepdede ýedi gün işleýärler.

Türkmenistanda täze biometrik pasportlara geçmek barada 2008-nji ýylda karar çykarylypdy. 10 ýyl möhletli berilýän täze pasportlar mundan beýlläk ýurduň daşyna çykmak üçin ýeke-täk dokument hökmünde ulanylar.
XS
SM
MD
LG