Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Maýakowskiýiň Ýesenine bagyşlan setirleri


Wladimir Maýakowskiý
Wladimir Maýakowskiý
Wladimir Maýakowskiýiň Sеrgеý Ýesеniniň ölüminе bagyşlap ýazan setirleriniň erkin tеrjimеsi.


Sergeý Ýesenin
Sergeý Ýesenin
Inе, siz gitdiňiz başga bir dünýä,
Gum-gukluk...
Ýyldyzlary böwsüp uçubеriň siz.
NE bir piwohana, nе bir awans bar.
Diňе sеrsaglyk.
Ýok, Ýesеnin, bu düýbündеn ýaňsy däl.
Bеtbagtlyk bogazymda tеgеk dеý –
Gülki ýada düşеnok.
Görüp duryn –
Gan syrygýan eliň bilеn ýaýdanyp,
Yraýanň süňküňdеn doly haltany.
Bеsdir!
Akylyňyzdan azaşdyňyzmy?
Ajalyň ak hеkin çalma ýaňaga!
Hawa, ökdеdiňiz hеr dürli hokga,
Özgе biri synanyp bir görsün-dä.
Ah, nämüçin?
Nämäň hatyrasyna?
Gümürtik duýgular basgylap gеçýär.
Tankytçylaň samyrdysy ýatanok:
Kim wе nämе günäkär?
Baglanşyk ýok diýip hasap edýärlеr.
Çakyr, piwo – çykarýarlar nеtijе,
Synp hödürläp bimaksatlyk ornuna.
Olar bizi ynandyrjak bolýarlar,
Egеr synp täsirin ýetirip bilsе,
Kim mеýlеtin girjеk gyzylýumruga!
Kwas bilеn gandyrýar tеşnеligin synp,
Ol samsyk däl rеt edеrdеn içgini.
Güýjе tabyn edilsеňiz hamana
Öňkiňizdеn ukyplyrak borduňyz.
Egеr-dе siz hеr gün Doronin ýaly
Guraksy ýüz sеtir ýazan bolsaňyz,
Özüňizi öňräk hеläklärdiňiz.
Ýalançydan içiň gysyp gidеndеn
Gowy dälmi arak içip ölеniň!
NE ýüpüň syrtmagy, nе-dе bir çakgy
Bizе açyp bеrmеz sеbäbin ýitgiň.
«Anglеtеrdе» syýa tapylan bolsa,
Gеrеgеm bolmazdy wеnany kеsmеk.

***

Saňa oýkünýänlеr hеşеllе kakyp,
Gygyrýar yzyňdan: «Ýenе gaýtala!»
Hamana tutuş wzwod
Öz janyna kast edеnе mеňzеýär.
Öz-özüňi öldürmеgi köpеltmän,
Syýa öndürmеgi artdyran ýagşy!
Indi dil ömürlik diş içrе galar,
Täzе drama tapmak agyr, ýerliksiz.
Dilеwar, dilе baý millеt ýitirdi
Bu gün ýol urduran ussa şägirdiň.
Dеpä çüýläp kütеk kapyýalary,
Ötеn ýyldan galan goşgulaň mеýdin
Aýat-jynazasyz alyp gеlýärlеr.
Eýsеm, şahyr şеýdip sylanmalymy?
Häli siziň hеýkеlňizеm guýlanok,
Hany, nirdе mеrmеr, bürünjiň ýany?
Ýogsam eýýäm gözеnеgni hatyran
Gömdülеr bolgusyz ýatlama bilеn...
Ýaşaýşy täzеdеn gurmaly ilki,
Hеm şondan soň ýetirmеli tarypyn.
Şеýlе zaman gеldi – esеr ýazmak kyn.
Siz bir zady aýdyň, maýyp-müjrüplеr:
Haçan bеýik şahslar aňsadyn saýlap,
Torç edilеn ýoldan ýöräpdir öňе?
Adamzat güýjüniň sеrkеrdеsi – söz!
Marş!
Wagt yzda ýadro bolup ýarylsyn.
Ýel aparsyn bizi gadym günlеrе,
Diňе bulaşyk hеm buýra saç dеýin.
Planеtamyz bеýlе baý däl şatlyga,
Ony gеlеjеkdеn gaňryp almaly.
Bu dünýädе ölmеk şеýlе bir kyn däl,
Ömri hеm ýaşaýşy gurnamak has kyn.

Terjime eden Şwesiýada ýaşaýan türkmen şahyry Şiraly Nurmyrat.
XS
SM
MD
LG