Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Beýrutda partlama boldy


Beýrutda bolan partlama “Hizballah” atly söweşjeň toparyň mekany hasaplanýan ýerde amala aşyryldy. Howpsuzlyk güýçleri sişenbe günki bu partlamada azyndan 15 adamyň ýaralanandygyny aýdýarlar.

Telewideniýe Liwanyň paýtagtynyň köp ilatly Bir al-Abed bölegini gara tüssäniň gurşap alandygyny görkezdi.

“Hizballanyň” Al Manar telewideniýesiniň maglumatyna görä, Yslam jemgyýetiniň merkeziniň golaýynda duran ulagda goýlan bomba partladylypdyr. Şeýle-de, bu ýerde “Hizballah” toparynyň syýasy edaralarynyň ençemesi ýerleşýär.

“Hizballah” topary prezident Başa Al-Assada ýardam bermek üçin öz söweşijilerini Siriýa iberensoň siriýaly gozgalaňçylar Liwana hüjüm etmek haýbatyny atypdy.

“Hizballah” toparynyň söweşijileri Siriýanyň hökümetiniň serhetýaka Kisair şäherini öz gözegçiligine geçirmeginde uly rol oýnapdy.
XS
SM
MD
LG