Sepleriň elýeterliligi

Müsür alty aýda saýlaw geçirmekçi


Müsüriň wagtlaýyn lideri saýlawlaryň alty aýyň dowamynda geçiriljekdigini aýtdy.

Adli Mansuryň sözlerine görä, parlament saýlawlary düzedişler girizilip referendum arkaly tassyklanan konstitusiýa laýyklykda geçirilmeli. Ýurduň baş kanuny geçen hepdede harbylar öňki prezident Muhammad Morsini çetleşdirensoň ýatyrylypdy.

Mansuryň karary duşenbe güni agşam yglan edildi. Munuň öňüsyrasynda düşenbe güni Kairde bolan çaknyşyklarda azyndan 51 adam heläk boldy. “Musulman doganlar” atly syýasy topar harby jaýlaryň öňünde protest geçiren öz tarapdarlarynyň oka tutulandygyny aýdýar. Bu ýerde Morsiniň saklanýandygy çak edilýär. Harbylar özleriniň ýaragly prowokasiýa jogap berip ot açandygyny aýdýarlar.

ABŞ Müsüriň harbylaryny “maksimal çydamlylyga” çagyrýar we häzirki wagtda harbylara berýän ýardamyndan el çekmejegini aýdýar.
XS
SM
MD
LG