Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Dagystan: Žurnalistiň janyna kast edildi


Orsýetiň Demirgazyk Kawkaz regiony bolan Dagystanda ýerli häkimiýetleri tankyt etmegi bilen tanymal žurnalist atylyp öldürildi. Dagystanyň polisiýasynyň metbugat wekiliniň sözlerine görä, “Nowoýe delo” atly neşriň redaktorynyň orunbasary Ahmednabi Ahmednabiýew sişenbe güni irden Mahaçkalanyň golaýynda ýerleşýän öýüniň öňünde öz maşyn ulagynda näbelli bir adam tarapyndan öldürilipdir.

Onuň iň soňky makalasy regionda günde diýen ýaly amala aşyrylýan heläkçilikli bomba partlamalar we ok atyşyklar baradady. Ahmednabiýew ýanwar aýynda özüne garşy edilen hüjümde diri galypdy, oňa ençeme sapar haýbat atylypdy.

Dagystan Orsýetiň Demirgazyk Kawkaz regionynda žurnalistleriň işlemegi üçin iň howply ýer hasaplanýar. Bu ýerde yslamçy ekstremistleriň we guramaçylykly jenaýat toparlaryň amala aşyrmagynda zorlukly wakalar yzygiderli ýüze çykýar.
XS
SM
MD
LG