Sepleriň elýeterliligi

Orsýetlileriň ýarysy Çeçenistanyň bölünmegine garşy däl diýilýär


Çeçenistanyň paýtagty Grozny

Çeçenistanyň paýtagty Grozny

Orsýetde ikiň biri Çeçenistanyň öz döwletlerinden bölünip aýrylmagyna garşy däl.

Ilat arasyndaky bu hakykat Orsýetiň öňdebaryjy pikir soralyşyk agentligi Lewada merkeziniň geçiren iň soňky anketasynda äşgär edilýär.

Orsýetiň çäginde geçirilip, duşenbe güni, ýagny 1-nji iýulda çap edilen pikir soralyşygynyň netijesinde anketa gatnaşanlaryň 24 göterimi, eger Çeçenistan Orsýetden bölünip aýrylsa, şat boljakdygyny aýdýar.

2009-njy ýylda bu görkeziji 14 göterime deňdi.

Pikir soralyşygyna gatnaşanlaryň 27 göterimi, eger bu iş durmuşa geçse, onda özleri üçin munuň parhynyň ýokdugyny aýdýarlar.

Şeýle jogap berýänleriň sany 1998-nji ýyldan bäri ýuwaş-ýuwaşdan köpelen ekeni, sebäbi şol ýyl ýagdaýa biperwaý garanlaryň sany gatnaşyjylaryň diňe 11 göterimini düzen ekeni.

Syýasat

Lewada merkezinden sosiolog Lew Gudkowyň aýtmagyna görä, anketanyň netijesi prezident Wladimir Putiniň alyp barýan Çeçenistan syýasaty dogrusynda halkyň gözüniň açylandygyny görkezýär.

Putiniň häkimiýet başyna gelmegi, Orsýetiň 1999-njy ýylda çeçen seperatistlerine garşy ikinji gezek söweş yglan eden wagtyna dogry gelýär. Şondan soň Kreml Çeçenistanda hökümetiň başyna demir penjeli dikmäni, ýagny ozalky gozgalaňçy, janyna kast edilip öldürilen çeçen prezidenti Ahmad Kadyrowyň ogly Ramzan Kadyrowy dikdi.

“Bu ýerde biz şeýleräk tendensiýany görýäris, ýagny ikinji çeçen söweşi döwründe dartgynlylyk güýjäp başlaly bäri halk arasynda ‘Çeçenistan Russiýa Federasiýasy bilen bütewi bolmaly’ diýen düşünjä eýerýän adamlaryň sany ep-esli pese gaçdy. Eger-de biz biri-birinden tapawutly dürli jogaplary birleşdirsek, onda Orsýetiň ilatynyň ýarpysy diýen ýaly Çeçenistanyň Orsýetden bölünip aýrylmagyna taýýar. Bu bolsa Putiniň Demirgazyk Kawkaz barada nädogry syýasaty durmuşa geçirýändigini alamatlandyrýar.”

Pikir soralyşygynyň netijelerine görä, Orsýetiň Çeçenistanda harby hereketleri geçirmeginiň tarapdarlarynyň-da sany hem azalýar.

2005-nji ýylda pikir soralyşyga gatnaşyjylaryň 23 göterimi, Çeçenistanyň Orsýetden bölünip aýrylmagynyň, haýsy ýol bilenem bolsa (hatda harby güýç bilenem) öňüniň alynmalydygynyň tarapyny tutupdyrlar. Soňky geçirilen pikir soralyşykda anketa gatnaşyjylaryň diňe 10 göterimi şeýle jogap berdi.

Kadyrow

Gatnaşyjylaryň ep-esli bölegi, has takygy 52 göteriminden gowragy, geçen 10 ýylyň dowamynda Demirgazyk Kawkazdan abanýan terror howpunyň kemelmändigini, şeýle-de olaryň 72 göterimi Çeçenistana “dartgynly ýer” we “partlaýjy madda” hökmünde garaýandygyny aýdypdyr.

Geçirilen pikir soralyşygy Kadyrowyň gaharyny getiren bolmaga çemeli. Kadyrow özüne Çeçenistana parahatçylygy we durnuklylygy peşgeş beren adam hökmünde baha berýär.

Onuň metbugat wekili Alwi Karimow Azatlyk Radiosyna şeýle diýdi: “Bu pikir soralyşygy ýurtdaky hakyky ýagdaýy açyp görkezmeýär. Bu günki günde Çeçenistan respublikasy durnukly we asuda. Men Lewada merkeziniň maglumatlary bilen düýbünden ylalaşmaýaryn. Ony gurnap geçiren adamlaryň Orsýetiň gelejegini, durnuklylygyny we ykbalyny alada edinýän adamlardygyna şübhäm bar.”
XS
SM
MD
LG