Sepleriň elýeterliligi

Korrupsiýa barada hasabat ýaýradyldy


Dünýäde korrupsiýanyň derejesine syn edýän iň iri halkara guramasy bolan “Transparency International” pikir soralyşyga gatnaşanlaryň ýarsyndan gowragy soňky iki ýylda öz ýurtlarynda parahorlugyň güýçlenendigini aýdýarlar, diýýär. Berlinde ýerleşýän bu guramanyň maglumatlaryna görä, adamlaryň 90%-ti korrupsiýa garşy protest geçirmek ýa şikaýat etmek arkaly göreşmäge taýýarlyk bildiripdir.

Guramanyň täze hasabaty dünýäniň 107 ýurdundan bolan 114 müň adam bilen geçirilen interwýulara esaslanýar. Olaryň umuman dörtden bir bölegi soňky ýylyň dowamynda para berendiklerini aýdypdyr. Hususan-da, Owganystanda we Gyzgyzystanda para berenleriň sany 40% töwereginde, diýilip kesgitlenýär, Gazagystanda we Ukrainada 30%, Yrakda we Serbiýada 20% diýlip, kesgitlenýär. Gürjüstanda para berýänleriň sany 5% töwereginde diýlip habar berilýär.

Dünýä ýurtlarynyň aglaba böleginde iň korrumpirlenen toparlaryň syýasy partiýalardygy aýdylýar.
XS
SM
MD
LG