Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Müsür: “Musulman doganlar” geçiş plany ret edýär


“Musulman doganlar” atly syýasy toparyň ýokary derejeli resmisi Müsüriň wagtlaýyn lideri Adli Mansuryň teklip eden konstitusiýasyny we saýlaw geçirmek planyny ret etdi.

“Musulman doganlar” toparynyň syýasy partiýasy bolan “Azatlyk we adalat” partiýasynyň başlygynyň orunbasary Essam al-Erian täze planyň ýurdy yza serpikdirip, adamlary köçä iterýändigini aýtdy.

Duşenbe güni Adli Mansur yslamçylaryň düzen konstitusiýasyna gaýtadan garamak üçin ekspertler toparyny döretmek we 14 günüň dowamynda düzedişleri girizmek barada karar çykarypdy. Mansuryň planyna laýyklykda, noýabrda konstitusiýanyň täze görnüşi barada referendum geçirmek, 2014-nji ýylyň başynda bolsa saýlawlary geçirmek göz öňünde tutulýar.
XS
SM
MD
LG