Sepleriň elýeterliligi

Global korrupsiýa "ýaramazlaşýar"


Elinde pul saklaýan bir adam.

Elinde pul saklaýan bir adam.

Korrupsiýa barada geçirilen uly pikir soralyşygyň netijelerinden çen tutulsa, onda gürrüňdeşlik geçirilen adamlaryň ýurtlarynda soňky iki ýylyň dowamynda parahorlugyň, korrupsiýanyň ýagdaýy has-da ýaramazlaşypdyr.

Düýbi Berlinde ýerleşýän “Transparency International” guramasynyň ýaýradan hasabatynda, pikiri soralan adamlaryň 90% töwereginiň korrupsiýa garşy göreşmäge meýillidigi-de nygtalýar. Adamlaryň parahorluga jogap hökmünde arzadyr-şikaýatlary ýazmakdan tä protest ýörişlerini geçirmäge çenli taýýardygy bellenilýär.

“Global korrupsiýanyň barometri 2013” alty hasabat 107 ýurtdan 114 müň adam bilen geçirilen söhbetdeşlikleriň esasynda taýýarlandy.

Pikiri soralan adamlaryň ýarpysyndan gowragy – 53%-i – parahorluk bilen bagly ýagdaýlaryň soňky iki ýylyň dowamynda has-da gözgyny bolandygyny nygtaýarlar.

Para-peşgeş

Hasabatda korrupsiýanyň köp halatlarda para bermek görnüşinde durmuşa geçýändigi aýdylýar. Pikiri alnan adamlaryň çärýeginden gowragy-da bu aýdylýany tassyklap, maglumat berdiler.

“Transparency International” guramasy para bermek, ýogsa-da ony berip bilmezlik - millionlarça adamyň “ykbalyna täsir ýetirýän ýagdaýlar” hökmünde häsiýetlendirdi.

Afrikada ýerleşýän uly bolmadyk Sierra Leone döwletinde parahorlugyň iň ýokary derejesiniň bardygy bellenilýär. Bu ýurtda ilatyň 75%-niň para-peşgeş berýändigi aýdylýar.

Pikiri soralan owganystanlylar we gyrgyzystanlylar öz ýurtlarynda adamlaryň 40%-niň, gazagystanly, pakistanly we ukrainaly raýatlaryň bolsa 30%-niň para berýändigini aýtdylar.

Pikir soralyşyga gatnaşan kanadaly, ýaponiýaly we norwegiýaly graždanlaryň “para-peşgeş berýän” diýenleriniň sany 5%-den hem geçmedi.

Beýleki meseleler

Emma korrupsiýa diňe para-peşgeş bilen çäklenmen, durmuşda onuň has beýleki alamatlaryna hem duş gelmek bolýar.

Söhbetdeşliklere gatnaşan gresiýaly, russiýaly we ukrainalylaryň 80%-den gowragy öz ýurtlaryndaky resmileriň diňe öz şahsy bähbitlerini arap hereket edýändigine ynanýandyklaryny aýdýarlar.

Dürli ýurtlardan pikiri soralan adamlaryň aglabasy syýasy partiýalary iň korrumpirlenen guramalar hökmünde häsiýetlendirdiler. Şeýle ýurtlaryň sanawyna Britaniýa, Yrak, Bosniýa we beýlekiler girýärler.

Owganystan, Azerbaýjan, Gyrgyzystan ýaly döwletlerde hukuk edaralarynyň has korrumpirlenendigi aýdylýar.

Korrupsiýanyň höküm sürmegi bilen bir wagtda “Transparency International” guramasy pikiri soralanlaryň 90%-den gowragynyň parahorluga garşy göreşmäge meýillidigini belleýär.

Korrupsiýa garşy göreşmek islegi boýunça iň pes netijäni Ermenistan görkezipdir.

"Umytsyzlyk"

“Transparency International” guramasynyň GDA döwletleri boýunça programmasynyň koordinatory Swetlana Sawitskaýa munuň sebäbini - bu ugurda jan çekmäniň netijesiz boljakdygyna bolan ynam bilen düşündirýär.

Ol: “Resmilerde özgerişligi amala aşyraýyn diýen ymtylma gaty pes. Sebäbi soňky on ýylyň dowamynda ermeni hökümetiniň işleri beýanatdan aňry geçmeýär. Bu hem, elbetde, öz täsirini ýetirýär. Edil şu sebäpden raýatlar korrupsiýa garşy göreşe başlasalar-da, üýtgeşik üstünlik gazanyp bolmajagyny aýdýarlar”

Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň we Ukrainanyň raýatlarynyň aglabasy hem edil ýokarky sebäplere görä korrupsiýa bilen bagly hiç hili arz-şikaýat etmejekdiklerini aýtdylar.

Azatlyk Radiosynyň Türkmen gullugy “Transparency International” guramasy bilen hasabatda Türkmenistan barada maglumatyň berilmändigini sorap habarlaşanda, degişli resmiler hasabatda dünýäniň 107 döwletindäki ýagdaýlaryň seljerilendigini, emma çäkli mümkinçilikler sebäpli, Türkmenistandaky korrupsiýanyň ýagdaýyny we ýerli halkyň ol baradaky pikirlerini alyp bilmändigini habar berdi.
XS
SM
MD
LG